Paýtagtymyzyň halkara derejesini beýgeltmäge bagyşlanan çäreler.

Häzirki günlerde döwrümiziň derwaýys meseleleri bilen baglanyşykly maslahatlara giň gerim berilýär. Işjeň hereketli we halkara ähmiýetli çäreler ösüşlerimiziň özboluşly görkezijisi bolup durýar. Şeýle çäreleriň aýdyň mysaly hökmünde 2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda, Aşgabat şäher häkimliginiň goldamagynda geçirilen maslahaty we sergini mysal getirmek  bolar.
Many mazmuna beslenen bu çäre “Men gözelligi döredýärin” şygar esasynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynyň sergi we mejlisler zallarynda “Aşgabat dizaýn şäherim” ady bilen gurnaldy. 
Sergide halk döredijiliginiň we senetçiliginiň önümleriniň dürli ajaýyp görnüşlerine syn etmäge mümkinçilik döredildi. Gatnaşyjylar dürli materiallardan ýasalan türkmen senetçileriniň we suratkeşleriniň döredijilik eserlerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Döredijilik eserleriniň arasynda dürli mazmunlarda reňklenen bezeg suw kädileri, türkmen gözelleri we ajaýyp tebigaty şekillendirilip dokalan naýbaşy halylary, dürli görnüşli öý esbaplary, milli nagyşlar bilen bezelen elde ýasalan torbalar, köpsanly ýüpek haly önümleri, zergärçilik sungatynyň gülýaka ýaly dürli nepis şaý-sepler, zergärçilik sungatynyň milli keşdeçilik önümleri bilen utgaşdyrylan bezegler we başga-da köpsanly işler görkezildi. Geçmiş taryhymyzdan dowam edip gelýän baý many-mazmuna eýe bolan sungatyň dürli ugurlaryna degişli bu döredijilik eserler özleriniň nepis ýerine ýetirilişi we gaýtalanmajak daşky görnüşleri bilen gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde paýtagtymyz Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek baradaky hödürnamanyň üstünde iş alyp barýar. Sergide görkezilen täsin we özboluşly eksponatlar bolsa ýurdumyzyň we şäherimiziň abraýyny halkara derejesinde has-da ýokary galdyrjak ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna goşulmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň arasynda paýtagtymyzyň binagärçilik sungaty bilen bir hatarda umumy döredijilik durmuşynda dizaýnerçilik ulgamynyň hem gülläp ösýändiginiň we dünýä ülňülerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.  
Medeni çäre mejlisler zalynda geçirilen maslahat bilen dowam etdi. Ýokary ähmiýete eýe bolan bu maslahata ýaşuly nesliň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda  ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň jogapkär sekretary Ç. Rüstemowa Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler, bu ugurda öň¬de durýan wezipeler barada gi-ňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýewiň, Türkmenistanyň halk suratkeşi, meşhur heýkeltaraş S.Babaýew, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş binagärlik we şäher gurluşygy müdirliginiň başlygy T.Täjiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň mugallymy Ý.Çaryýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy O.Geldiýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baýryýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen halkynyň taryhynyň jümmüşinden gelýän ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny, olaryň häzirki zaman durmuşyndaky ornuny we türkmen halkynyň baý taryhynyň öwrenilmegi we onuň geljekki nesile geçirilmegi ugrunda edilýän işleriň mundan beýläk hem ýaýbaňlanmagynyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem milli däp-dessurlarymyzdan ruhlanýan şäher arhitekturamyzyň soňky ýyllarda özgerişi, onuň ösüş tapgyrlarynyň aýratynlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän milli däp-dessurlarymyzyň dowam edilmegi täze zehinleri ýüze çykarmaklyga, dünýä medeniýetiniň we ylmynyň ösmegine öz goşandyny goşar. 
Şeýlelikde, “Men gözelligi döredýärin” şygary bilen geçirilen “Aşgabat dizaýn şäherim” atly maslahat we onuň çäklerinde geçirilen sergi paýtagtymyz Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça hödürnamanyň binýatlyk esaslaryny gurmakda diňe bir iri meýilnamalaryň däl-de, aýry-aýry şahslaryň alyp barýan işleriniň hem öz goşandyny goşýandyklaryny subut etdi. Bu hem öz gezeginde ýurdumyzda alnyp barylýan telekeçiligi we döredijilik başlangyçlaryny goldamak hem-de ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetini açyp görkezýär.  

Gurbanowa Güller 
ÝUNESKO-nyň işleri barada 
Türkmenistanyň Milli toparynyň
 Sekretariatynda önümçilik tejtibeligindäki
Döwletmämmet  Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+993 12 36 84 08