Aşgabat “ Döredijilik şäherleriň” sanawyna girmegiň ýolunda.

2022-nji ýylyň 5-nji iyulynda paytagtymyzda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty , Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan “ Men gözelligi döredýärin “ şygar esasynda   “Aşgabat-dizaýn şäherim”  maslahat we sergi geçirildi.Bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, paýtagtymyzyň  ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergide milli şaý-sepler, haly we haly önümleri , el işleri, suratkeşdir heýkeltaraşlaryň, milli ruhda taýýarlanan sowgatlar görkezildi. Bu çärä gatnaşyjylar ilki bilen ajaýyp sergä tomaşa etdiler. 
Eziz hem mukaddeslik saýylýan gymmatlyklarymyz, halkymyzyň göwnini göterýär hem de buýsanjyny artdyrýar.Garaşsyzlyk ýyllarynda ak mermerli paýtagtymyzda syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündäki orny giňeýär we berkeýär. Paýtagtymyzda ýüzlerçe kaşaň-kaşaň ymaratlar we täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
 Gün-günden gözel keşbe girýän Aşgabat biziň Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň ajaýyp häzirki döwrüni we röwşen gelejegini alamatlandyrýar. Gözel paýtagtymyz dost doganlygyň, parahatçylygyň mekany-Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwrebap başlangyçlary esasynda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär.
Serginiň eksponatlary ÝUNESKO-nyň dizaýn ugurly şäherleriniň abraýly sanawyna girmäge ymtylýan türkmen paýtagtynyň diňe bir binagärlik däl, eýsem , döredijilik durmuşynda-da dizaýnerlik çeşmeleriň mynasyp orun eýeleýändigini giňden şöhlelendirdi.
Paýtagtymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň islendik ulgamynda dizaýnyň esasy ugurdygyny açyp görkezmek YUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girmek üçin hödürnamany taýýarlamakda bildirýän möhüm talaplaryň biridir.
ÝYNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa maslahatda eden ajaýyp çykyşynda, degişli meýilnama laýyklykda, Aşgabady “ Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler, bu ugurda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi.Paýtagtymyza  bezeg berýän , onuň özboluşly nyşanlaryna öwrülen köp sanly heykeltaraşlyk eserleriniň awtory-Türkmensitanyň halk suratkeşi,  ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew ,öz gezeginde Aşgabadyň täsin arhetiktura desgalarynyň aýratynlyklary hakynda gürrüň etdi.
Dabaranyň ahyrysynda oňa gatnaşyjylar döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly işleri alnyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag , belent başlarynyň aman bolmagyny, Aşgabat şäheremiziň halkara derejesini beýgeltmäge gönükdirlen giň göwrümli belent maksady işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler .

Rejepowa Aýlar,
ÝUNESKO-nyň işleri barada 
Türkmenistanyň Milli toparynyň
 Sekretariatynda önümçilik tejtibeligindäki
Döwletmämmet  Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+993 12 36 84 08