“Arkadagym, ajap ýurdum – dünýä dillerinde waspyň”

638
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň gurnamagynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen,  ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýy mynasybetli iňlis dili hepdeliginiň çäginde  “Arkadagym, ajap ýurdum – dünýä dillerinde waspyň” atly dabara geçirildi.
Dabarada ata Watanymyzy, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar türkmen we iňlis dillerinde ýerine ýetirildi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan parçalar sahnalaşdyryldy we talyplaryň hünär dilinde ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08