“Türkmenistan-BMG: ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna”

636 Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarydyr mugallymlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnan “Türkmenistan-BMG: ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna” atly onlaýn sapagyna gatnaşdylar. Dünýä dillerini öwredýän bu ýokary okuw mekdebiniň iňlis dili mugallymlarynyň Türkmen Bitaraplygynyň ýeten sepgitleri, halkara gatnaşyklarda gazanylan üstünlikler baradaky çykyşlary diňleýjiler üçin has-da gyzykly boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08