493
Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili hünäriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň Fransizýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynyň fransuz dili mugallymy, usulyýetçi Klara Giýe bilen “Fransiýada bellenilýän baýramçylyklar we olaryň belleniliş aýratynlyklary, däp-dessurlary” atly temadan teleköpri arkaly okuw-usuly sapagy geçirildi. Onda Klara Giýe talyplara wideo, foto suratlaryň üsti Fransiýada bellenilýän baýramçylyklar, olaryň belleniliş aýratynlyklary, fransuz halkynyň milli däp-dessurlary barada gürrüň berdi. Institutyň talyplary hem öz gezeginde Türkmenistanyň milli baýramlary barada gürrüň berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Okuw-usuly sapagyň ahyrynda Klara Giýe türkmen talyplarynyň öz pikirlerini fransuz dilinde erkin beýan edip bilýändiklerine hoşallyk bildirdi. Olara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.