“SANLY INNOWASIÝALAR”
6292021-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçiren “SANLY INNOWASIÝALAR” atly bäsleşigine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdyrlar. Taslamanyň “Innowasion şäher” ugry boýunça Tleuow Parahat, “Sanly bilim” ugry boýunça Durdymuhammedow Abdyresul Rahimowiç bilen Berdyýew Ahmet Muhammetgeldiýewiç gatnaşdyrlar hem-de öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.