“Bütindünýä hindi dili güni”

762
Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Bütindünýä hindi dili güni” mynasybetli  dabara geçirildi.  Dabara Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Doktor Widhu Naýary we ilçihananyň wekilleri hem gatnaşdylar. Onda institutyň hindi dili hünäriniň talyplarynyň taýýarlan wideoşekilli teswirlemeleri görkezildi, wiktorinalar çözüldi, hindi aýdymlary we tanslary ýerine ýetirildi. Şeýle  dabaralar talyplaryň dil derejesini ýokarlandyrmaga hem-de Hindistanyň medeniýeti barada bilimlerini artdyrmaga ýakyndan ýardam berýär.   
Dabara gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman hem mähriban Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08