“Parahatçylygyň mukamy” atly dabaraly maslahat geçirildi.

443
Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda “Parahatçylyk mukamy” ady bilen  Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmejek mirasy bolan milli senetçiligi ösdürmek pederlerimizden miras galan senetçiligiň dünýä medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek ynsana egsilmejek ruhy lezzet berýän aýdym-saz sungatymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen şeýle-de dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli  dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler bu jadyly sungat, ajaýyp senet barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň  Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  milli mirasymyza goýulýan sarpanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydygyny buýsanç bilen belläp, halkyny gün kibi çoýýan Gahryman Arkadagymyza   öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08