“Türkmen dili we edebiýat” dersinden I olimpiadanyň I tapgyry
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň
XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda
“Türkmen dili we edebiýat” dersinden I olimpiadanyň
I tapgyry
Düzmäniň temalary
- Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabynda şahyra goýulýan sarpa.
- Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestinde parahatçylyk taglymatynyň şöhlelenişi.
- Türkmen halk döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak meselesi.
BELLIK:
- Her gatnaşyjy bir tema boýunça düzme ýazmaly.
- Düzmäni her bir gatnaşyjynyň özi ýazylmaly.
- Düzme öň hiç ýerde çap edilmedik bolmaly;
emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaly däl;
başga awotlaryň işlerinden peýdalanylan bolsa, salgylanmalar bilen bellenmeli.
- Düzmäniň söz sany 250 sözden az, 350 sözden köp bolmaly däl (düzmäniň ady söz sanyna girmeýär).
- Düzme Times New Roman şriftde, 14 pt ölçegde ýazylmaly, sahypanyň inine ýerleşdirilmeli we .doc, .docx görnüşde ýatda saklanylmaly.
- Faýlyň ady gatnaşyjynyň hasaba alnyş belgisi we familiýasy (mysal üçin, 251002_Amanow) görnüşinde ýatda saklanmaly.
- Düzme mazmuny, pikiriň beýan edilişiniň yzygiderligi, türkmen edebi diliniň ýazuw kadalarynyň berjaý edilişi boýunça bahalanydyrylýar.
- Düzme 2025-nji ýylyň 3-nji martynda sagat 17:00-a çenli Guramaçylyk toparynyň garamagyna olimp.turkmendili2025@gmail.com elektron salga ugradylmaly.
- Görkezilen wagtdan gijä galan ýa-da berlen şertlere laýyk gelmeýän işler bäsleşige goýberilmeýär.