“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

984
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp eseri esasynda atlandyrylan ýylymyzyň şygaryna we türkmeniň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanýan çäreleriň uly ruhubelentlige beslenýändigini Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçiren amaly-haşam sungatynyň sergisiniň özboluşlylygyndan we “Magtymguly – Gündogaryň beýik akyldary” atly ylmy-amaly maslahatyndan hem göz ýetirmek bolýar. Geçirilen  maslahat özüniň hormatly myhmanlarynyň, magtymgulyşynaslarynyň, Magtymguly Pyragynyň dünýäsini ynsanlara tanatmakmakda uly işleri bitiren ýurdumyzyň tanymal adamlarynyň gyzykly we buýsançly çykyşlary bilen giň mazmuna eýe boldy.  Talyp ýaşlaryň maslahatyň mazmunyna laýyklykda dünýä dillerinde taýýarlan edebi-sazly kompozisiýalary we aýdymdyr tanslary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gelen hormatly myhmanlar-- professor- mugallymlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini dünýä ýaýýan tutanýerli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08