Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de okuwçylaryň arasynda rus dili boýunça II olimpiadanyň netijeleri jemlendi.

632
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň X-XI synp okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça II olimpiadanyň netijeleri jemlendi. II tapgyrda geçen Olimpiada müňden gowurak okuwçy gatnaşdy. Olardan aýratyn tapawutlanan 25 sany okuwçy II tapgyra gatnaşmak üçin instututa çagyryldy we onuň netijesinde ýeňijiler belli edildi.
Birinji orny Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Annamyradowa Jahan, ikinji orny Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Glyçdurdyýew Jumadurdy we Aşgabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Zinkina Kseniýa, üçünji orny Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýelliýewa Zöhre, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rustamow Timur we Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Garaýewa Aýnur eýelediler.
Ýeňijileri we olaryň halypa mugallymlaryny sylaglamak dabarasy Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda institutyň mejlisler zalynda geçirildi. Olimpiadanyň ýeňijilerine sowgatlar we diplomlar, olaryň halypa mugallymlaryna bolsa hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň myhmanlary üçin rus diline we medeniýetine bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi.    

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08