Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Halkara gatnaşyklary maksadalaýyk alnyp barylýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5 sany daşary ýurtly ýokary okuw mekdebi bilen ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk hakynda baglanyşylan Ähtnamasy bar:
1. Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersiteti;
2. Özbek döwlet dünýä dilleri uniwersiteti;
3. Günorta Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersiteti;
4. Abylaý han adyndaky Gazak halkara gatnaşyklar we dünýä dilleri uniwersiteti;
5. Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti
2024-2025-nji okuw ýylynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 4 sany daşary ýurtly mugallym zähmet çekýär.
1. “Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Gaznasynyň arasynda Ylalaşygyň” esasynda 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-inden bäri Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Uzak gündogar dilleri kafedrasynda koreý dili mugallymy, Koreýa Respublikasynyň raýaty Ho Young Hwang zähmet çekýär.
2. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Uzak gündogar dilleri kafedrasynda Ýapon Gaznasynyň hünärmenleri Ito Hiroşi we Kasu Naruhito 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri zähmet çekýärler.
3. “Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen “Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň” esasynda 2024-nji ýylyň mart aýynyň 6-syndan Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Uzak gündogar dilleri kafedrasynda hytaý dili mugallymy, Hytaý Halk Respublikasynyň raýaty Chen Wenying zähmet çekýär.
1. Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrligi tarapyndan (MEXT) her ýyl yglan edilýän okuw maksatnamasyna Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili hünäriniň talyplary gatnaşyp, bir ýyllyk Ýaponiýanyň uniwersitetlerinde okamaga hukuk gazanýarlar.
2. Hindistan Respublikasynyň Agra şäherindäki Hindi dili merkezi institutynda hindi dilini öwrenmek üçin bir ýyllyk okuw maksatnamasyna institutymyzyň hindi dili hünäriniň talyplary yzygiderli gatnaşýarlar.
3. Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň nemes dili hünäriniň talyplary Germaniýanyň akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) maksatnamasyna gatnaşyp, tomusky bir aýlyk dil kurslarynda okamaga hukuk gazanýarlar.