2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ylym bölümi işleýär. Ol ýörite meýilnama laýyklykda professor-mugallymlaryň, talyplaryň hem-de aspirantlaryň, doktorantlaryň, ylymlaryň kandidaty, doktory alymlyk derejesine dalaşgärleriň ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylyk edýär, ylmy, ylmy-usuly, ylmy-döredijilik maslahatlary, bäsleşikleri guraýar we geçirýär.
Institutyň kafedralarynda ylmy-barlag toparlary işleýär. Ol toparlarda dil biliminiň, edebiýaty öwrenişiň, dilleriň degşirme we deňeşdirme derňewiniň, dilleri we edebiýaty okatmagyň usulyýetiniň, terjimäniň nazaryýetiniň we amalyýetiniň, pedagogikanyň we psihologiýanyň, jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Alnan netijeler ylmy makalalarda we ýygyndylarda, okuw kitaplarydyr gollanmalarda, daşary ýurt ylmy žurnallarynda, halkara ylmy-usulyýet maslahatlarynyň nutuklarynyň ýygyndylarynda, gazetlerde beýan edilýär.
Ylmy-barlag işlere mugallymlar bilen deň hatarda talyplar hem gatnaşýar. Talyplaryň daşary ýurt dilleri boýunça taýýarlan ylmy işleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolýar.
Institutyň mugallymlarynyň türkmen dilinde we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde (iňlis, fransuz, ispan, rus, arap, hytaý) taýýarlan “Magtymguly dünýäsi” ykjam programmasy, “Tm-UN Dictionary” elektron sözlügi internet arkaly köpçülige hyzmat edýär.
Institutda türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly elektron žurnalda mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ylmy işgärleriň dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylmynyň, lingwodidaktikanyň, pedagogikanyň wajyp meselelerine degişli makalalary, işläp taýýarlamalar baradaky habarlar, ylmy-usuly maglumatlar çap edilýär, olarda ylmy-amaly barlaglaryň wajyp ugurlaryndaky innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär.
Institutda Aspirantura bölümi hem üstünlikli hereket edip, häzirki wagtda onda 8 sany aspirant, 10 sany ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgär 10.02.20 – Deňeşdirme-taryhy, tipologiki we degşirme dil bilimleri, terjimäniň nazaryýeti, 13.00.02 – Okatmagyň we terbiýelemegiň nazaryýeti we usulyýeti (bilimiň ugurlary we derejeleri boýunça) hünärleri boýunça iş alyp barýar.