ÝUNESKO kluby

Parahatçylygyň Watany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO Kluby döredildi. Şol günden bäri ýurdumyzda ilkinji açylan ÝUNESKO Kluby hökmünde ata Watanymyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda gazanýan netijelerini we ýola goýýan gatnaşyklaryny dünýä dillerinde wagyz edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasyndan ugur alyp, Klubyň işjeň agzalary dürli derejeli çäreleri geçirýär. ÝUNESKO-nyň we milli senenamamyzyň günleri, degişli resminamalary, konwensiýalary, milli gymmatlyklarymyz, taýýarlanylýan milli we köptaraplaýyn hödürnamalar barada ýaşlaryň sowatlylygyny artdyrmakda ýurt derejesinde onlaýn maslahatlary, breýn-ring akyl bäsleşiklerini, dürli ugurly festiwallary, umumy sapaklary we treningleri gurnaýar. Ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO Klublary we kafedralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklap, diller arkaly dostlugyň mizemez köprüsini gurýar. Klub öz işinde halkara hyzmatdaşlygyň döwrebap mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde taýýarlanan “Türkmenistan-ÝUNESKO: diýardan ýaýran ýollar” atly telegepleşik “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma goýberilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň körpe neslinde dünýä dillerini öwrenmäge, bilmäge bolan gyzyklanmany, höwesi döretmek üçin “Arkadag” teleýaýlymynda “Parahatçylyk dilleri”,  “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynda “Diller dünýäsi” atly gepleşiklerde hepdäniň her güni ýokary okuw mekdebimizde öwredilýän diller boýunça taýýarlanan okuw sapaklary ýaýlyma berilýär. Bu okuw sapaklary bolsa, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda geljegi nazarlaýan ýollarda ýaş nesliň mynasyp we dilewar bolup ýetişmegine uly itergi berýär.