Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Aşgabadyň rus dili we edebiýaty pedagogik instituty ady bilen 1983-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň KP MK-nyň we TSSR MS-iň 250 belgili karary hem-de TSSR-iň Ýokary we ýörite orta bilim ministrliginiň 1983-nji ýylyň 6-njy iýunyndaky 86 belgili buýrugy esasynda döredildi. Ol TSSR-iň Ýokary we orta bilim ministrliginiň 1984-nji ýylyň 29-njy fewralyndaky 23 belgili buýrugy boýunça 1984-nji ýylyň 1-nji martyndan işe başlady. 1990-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmen döwlet diller we edebiýat pedagogik instituty diýip atlandyryldy. 1991-nji ýylyň 13-nji maýynda instituta Döwletmämmet Azadynyň ady dakyldy. 1995-nji ýylyň 11-nji awgustynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty diýen at berildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, talyplaryň hünär taýýarlygyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen Kararlaryny ýerine ýetirmek üçin institutda okuw işleri taýýarlygyň bakalawr derejesi üçin 4 ýyl, magistr derejesi üçin 1 ýyl okuw möhletine niýetlenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça alnyp barylýar.
Milli we dünýä tejribesiniň esasynda öwredilýän dilleriň amaly özleşdirilişini talap edýän sözleýiş hünär dilini öwretmäge aýratyn üns berilýär. Institutda döwrebap usulyýetleri, innowasion tehnologiýalar we iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün edilen okuw-usulyýet toplumlary netijeli hereket edýär. Olarda okuw işleri häzirki zaman audio, wideo, lingafon, sinhron terjime, multimedia we kompýuter serişdeleri arkaly alnyp barylýar. Institutda türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen okuw-usulyýet, ylmy we çeper edebiýatlara, gazet-žurnallara baý kitaphana hem-de elektron kitaphana işleýär.
Institutda Patyşa Sejong adyndaky koreý dili we “Dil” diller merkezleri, “Emirlik-türkmen burçy”, Ýaş alymlar geňeşi, “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO we “Kämillik mekdebi” klublary, iňlis dili, rus dili, arap dili, pars dili, koreý dili, hytaý dili, türk dili, hindi dili, internet, sinhron terjime, kompýuter, lingafon ýaly ýöriteleşdirilen okuw otaglary we wideozallar daşary ýurt dillerini jemgyýetiň we döwrüň talaplaryna laýyk öwretmekde uly ýardam edýär.