Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçendigi baradaky şahadatnamalary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaraly çäre dostlukly ýagdaýda geçip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary depginlerde ösdürilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Dabara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri, institutyň ýolbaşçylary we hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda rus filologiýasy boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça iki okuw maksatnamasyny geçen mugallymlara we talyplara şahadatnamalar hem-de sertifikatlar gowşuryldy. Bu okuwlar diňleýjiler üçin rus dilini we edebiýatyny öwrenmegiň derwaýys meseleleri boýunça russiýaly alymlaryň soňky gazanan netijeleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Çäräniň ahyrynda alyp baryjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen giň mümkinçilikler üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Şahadatnamalary we sertifikatlary gowşurmak dabarasy ynsanperwer ulgamda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýokary depginlerde ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.