Iňlis dili olimpiadanyň I tapgyrynyň temasy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda Iňlis dili boýunça III olimpiadanyň I tapgyryna hödürlenýän esseden edilýän talaplar

 

      1. Her bir gatnaşyjy berlen tema boýunça iňlis dilinde esse ýazmaly;
      2. Esse her bir gatnaşyjy tarapyndan özbaşdak ýazylmaly;
      3. Esse öň hiç ýerde çap edilmedik we hiç ýerden göçürilmedik bolmaly; başga awtorlaryň işlerinden ulanylan bolsa, salgylanmalar bilen bellenilmeli;
      4. Esse ýazylanda emeli aňyň (ChatGPT, Gemini, GPTalk…) mümkinçiliklerinden peýdalanmak gadagan;
      5. Düzmäniň söz sany 400 sözden az we  500 sözden köp bolmaly däl (essäniň ady söz sanyna girmeýär);
      6. Düzme Times New Roman şriftde, 14 pt ölçegde ýazylmaly, sahypanyň inine deňleşdirilmeli we .doc, .docx görnüşde ýatda saklanylmaly;
      7. Faýlyň ady gatnaşyjynyň hasaba alnyş belgisi we  gatnaşyjynyň familiýasy (250000 Amanowa) görnüşde ýatda saklanmaly;
      8. Esse ýazmak we ony Guramaçylyk toparynyň garamagyna ugratmak üçin gatnaşyja 180 minut (3 sagat) wagt berilýär;
      9. Esse 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda sagat 17:00-a çenli Guramaçylyk toparynyň garamagyna inlismekdepolimpiada@gmail.com  elektron salga ugradylmaly;
      10. Görkezilen wagtdan gijä galan ýa-da berlen şertlere laýyk gelmeýän işler bäsleşige goýberilmeýär.