«Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň täze sany çapdan çykdy
Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy.
Makalalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baý milli mirasymyzy öwrenmek babatda öňe süren döwrebap hem uzaklary nazarlaýan ylmy taglymaty esasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumly işler, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny özgertmekde, okatmagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde, okuw işlerine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda gazanylýan üstünlikler, tehnologiýanyň ýaş nesliň ösüşine ýetirýän oňyn täsiri, döwletimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda durmuşa geçirilýän, sanly özgerişiň depginini ýokarlandyrýan strategik başlangyçlar, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, türkmen edebi dilini baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary, şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmekde ulanylýan netijeli usullar giňişleýin beýan edilýär.
Žurnalyň bu täze sany okyjylary Memluklar türkmen döwletinde edebiýatyň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen taryhçysy, ýazyjy we alym Halyl ibn Aýbeg Safadynyň döredijiligi, onuň häzirki döwre çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän eserleriniň görnüşi we mazmun aýratynlygy, Türkmenistanda sanly ulgamyň ulanylyşynyň giňelmegi, maglumat howpsuzlygyna bolan zerurlygyň artmagy bilen bu ugurda durmuşa geçirilýän başlangyçlar, maglumat howpsuzlygyna degişli adalgalaryň döreýşi we ösüşi, türkmen dilinde suw, onuň şypa beriş, bejeriş alamatlary bilen baglanyşykly dörän sözler, söz düzümleri we olaryň käbir aýratynlyklary, nusgawy edebiýatda has atlaryň özboluşly hyzmaty, rus diliniň nakyllaryny we atalar sözlerini öwrenmekde taryhy teswiriň berlişi, mekdepde beýannamalary öwretmegiň innowasion usullary bilen ýakyndan tanyşdyrar.
Žurnalyň täze sany bilim işgärleriniň ýurdumyzda ylmy-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygynyň beýanyna öwrülipdir.