HALKARA OLIMPIADA

710 Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arap dili hünäriniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde ýerleşýän Kazan Federal döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky Halkara gatnaşyklary institutynyň “Arap dili” dersi boýunça geçirýän Halkara internet olimpiýadasyna gatnaşdylar. Talyp ýaşlar bu bäsleşigiň düzme ýazmak we gepleşik ugurlary boýunça ata Watanymyzyň Bitaraplyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini çeper beýan edişleri  hem-de  arap diliniň ses aýratynlyklaryny berk saklamak bilen erkin  sözleýişleri bilen  has-da tapawutlanmagy başardylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08