Ynsan ömrüniň tagallasy

89
Binägärlik aýratynlygy we şaýollaryň döwrebaplygy, ýolagçy raýatlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň ýokary derejeliligi bilen tapawutlanýan Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda indi her ýyl “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy mynasybetli geçirilýän çäreler däbe öwrüldi. Bu işlere talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmegi üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda baý mazmuna, öwüt-ündewlere, ýerlikli maslahatlara beslenen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumat merkeziniň müdirliginden, Aşgabat şäher Polisiýa müdürliginiň Bagtyýarlyk etrap polisiýa bölüminden gelen wekilleriniň hem-de bilim ojagynda zähmet çekýän mugallymlarynyň ömrümiziň rahatlygyny gazanmak üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny doly berjaý etmek barada  eden çykyşlary 1-nji ýyl talyplara has-da täsirli boldy. Ýaşlaryň gyzyklanýan sowallaryna jogap hem-de maslahatlary bermek aýratynlygy bilen geçirilen maslahata gatnaşyjylar Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň ýaşaýjylaryň ömrüniň rahatlygy üçin edýän taýsyz tagallalaryna bolan alkyşlaryny şygar esasynda beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08