Türkmen-hytaý gatnaşyklary rowaçlanýar

66
Taryhy köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklary häzirki wagtda hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, üstünlikli ösdürilýär. Dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Bu  hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi iki halkyň arasyndaky köp asyrlyk hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin düýpli esas bolup durýar.
Häzirki wagtda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda bilim, ylym babatda hem giň gerimli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň hünärmenleriniň, alymlarynyň tejribe alyşmagy bilim, ylym ulgamynda türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ugurlaryň biridir.  
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý diliniň 1994-nji ýyldan bäri hünär dili hökmünde okadylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan türkmen-hytaý medeni gatnaşyklary esasynda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, forumlara, medeniýet günlerine, sport çärelerine, sergilere  hytaý dili hünäriniň mugallymlary we talyplary meýletinçi hem-de terjimeçi hökmünde gatnaşýarlar.  
Şeýle özara bähbitli hyzmatdaşygyň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy-öwrenijisi  Aýlar Baýmyradowa 2024-nji ýylyň 30-njy awgustyndan 30-njy sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň  Pekin şäherinde  Hytaý hem-de  Ýewraziýa  ýurtlary we  Şanhaý  Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  arasyndaky medeni-ynsanperwer  hyzmatdaşlygy  pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýän Hytaýça-rusça  terjime  okuw sapaklaryna gatnaşýar. 
Şular  ýaly medeni, ylym-bilim ulgamlary boýunça geçirilýän çäreler, usuly okuwlar dostlukly döwletleriň arasynda medeni köprüleriň has-da berkemegine ýardam edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08