Halkymyzyň edep-terbiyesi, milli dap-dessurlary, edim-gylymlary asyrlaryň dowamynda kämilleşip, durmuşyň mizemez ýõrelgesine öwrülipdir. Nesilbaşymyz Oguz handan gözbaş alyp gaýdýan şeýle ýörelgeleriň biri parahatçylygy gorap, asuda durmuşda ýaşamakdyr. Asuda, parahat durmuşda ýaşamagy durmuş kadasyna öwren halkymyz bu ugurda uly işleri alyp barypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda beyan edişi ýaly, ata-babalarymyzyň anyk ýörelge edinen parahatçylyk söýüji syýasaty, adalatlylygy, ynsanperwerligi olara orta asyrlarda Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň ähli künjeklerinde köp-köp ululy-kiçili döwletleri, şol sanda beýik soltanlyklary gurmaga kömek edipdir. Milli Liderimiz: “Şeýle täsin ahwalatyň syry nämede? Ilkinji nobatda, ol türkmenleriň gylyk-häsiýetinde, olaryň ýasawyndadyr, kalbynyň perdeleriniň nāzik sazlaşygyndadyr” diýip ýazýar.
Asyrlar ötüp, heňňamlar çalyşýar. Emma her bir halkyň durmuş ýörelgesine öwrülen düzgünler mizemezligine galýar. Muny türkmen durmuşynyň islendik döwrüne nazar salanymyzda hem görmek bolýar. Halkymyz ähli döwürde öz durmuş ýörelgesini üýtgetmän, halklaryň arasynda dost-doganlygyň, medeni gatna-şyklaryň pajarlap ösmegi üçin tagalla edipdir.
Häzirki döwrümizde dünýä ýüzünde parahatçylyk, dost-doganlyk, ynanyşmak arkaly gatnaşyklary ýaý-baňlandyrmak ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylymyzda bu ugurda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen umumadamzat bähbitli işler amala aşyrylýar.
Asudalyk, parahatlyk aýdymy,
Dünýäniň çar künjeginde ýaňlansyn.
Türkmeniň aýdymy, türkmeniň sazy,
Ýer ýüzünde dykgat bilen diňlensin.