Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistaň — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy adamzadyň öňünde geljege barýan iň ygtybarly ýollary, adalatyň hem ýeňişiň ýollaryny açýar. Şu hakykat halkymyzyň ýaşaýşynyň dowamynda subut edildi, döwlet Bitaraplygymyzyň taryhynda şöhratly ýazgylary galdyrdy» diýen buýsanja beslenen sözler bar.
2025-nji ýyl BMG-niň döredilen gününiň 80 ýyllygynyň, Türkmenistanyň bolsa hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýän taryhy ýylydyr. Bu ýagdaý halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak hem-de pugtalandyrmak, şeyle-de döwletara hyzmatdaşlyklary ösdürmek maksadynda döredilen BMG bilen häzirki döwürde yüze çykýan global meseleleriň netijeli çözgüdini işläp taýýarlamakda, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmekde Milletler Bileleşiginiň ynamdar hyzmatdaşyna öwrülen Türkmenistany has-da ýakynlaşdyryar.
Häzirki döwürde Bitaraplygyň dünyä derejesindäki ähmiýetine uly baha berilýär. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda oňa onlarça döwlet goşuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21 — 24-nji sentýabry aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi halkymyzy juda begendirdi.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasy bilen berkarar döwletimizde, sebitde we dünyäde parahatçylygy gorap saklamak, durnukly ösüşi gazanmak, halklaryň ýaşaýyş – durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!