BEDEW – ŞÖHRAT-ŞANYŇ ATA WATANYM!

27.01.2026

Kerwen gurap barýan ýyllaryň heňňamlary ata Watanymyza şanly menzilleri eçilip, gojaman taryhyň gatlaryna zerlenip ýazylýar. Bu şanly ýyllara mynasyp at bermek bolsa halkymyzda asylly däbe öwrüldi. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli däplerine we beýik geljegimize bolan ynamyna esaslanyp täze gadam basan ýylymyzyň, ýagny 2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edildi. Bu diňe bir ýylyň ady bolman, eýsem, türkmen halkynyň täze eýýamdaky beýik ýolunyň dabaralanmasydyr. Bu şygar türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewi sazlaşykda jemleýär.

Şygaryň başynda duran “Garaşsyzlyk we Bitaraplyk” diýen mukaddes sözler biziň döwletliligimiziň esasydyr, sarsmaz binýadymyz. Garaşsyzlyk — biziň milli mertebämiz bolsa Bitaraplyk — dünýäni parahatçylyga çagyrýan ynsanperwer ýolumyzdyr.

Şygardaky «bedew batly» sözi biziň ýurdumyzyň her bir pudakda — ykdysadyýetde, sanly ulgamda, ylymda we bilimde buýsanjymyz we taryhy gymmatlygymyz bolan bedewiň badynda gazanýan ösüşlerini alamatlandyrýar. Alymlaryň hem beýan edişi ýaly, ahalteke bedewleri dünýäde iň ýyndam atlaryň biridir. Bedew atlaryň waspy ýetirilende Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly çuňňur many-mazmuna beslenen ajaýyp eserleri, şeýle hem «Bedew» we «Rowaç» atly goşgulary hakydaňa dolýar.

At-myrat — maksada okgunlylyk. Halkymyzda «At-myrat» diýen jümle diňe bir ýagşy niýet däl, eýsem anyk netijedir. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýlap alan ýoly bizi iň belent myratlara — halkymyzyň bagtyýar durmuşyna we Watanymyzyň dünýäde iň ösen döwletleriň hataryna girmegine gönükdirilendir. Bu şygar her bir türkmen raýatynyň, aýratyn hem biz ýaşlaryň, öz öňümizde goýan belent sepgitlerimize we arzuw-maksatlarymyza ýetjekdigimiziň buşlukçysydyr.

Biz ýaşlar hem — «At-myratdyr» diýen pähime eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýörelge bolýan ak ýoly bilen geljege barýarys.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty — bu medeniýetleriň we dilleriň çatrygydyr. Biz dünýä dillerini öwrenmek bilen bir hatarda, beýik söz ussatlarymyzyň, pelsepesini dünýä ýaýýarys. Döwletmämmet Azady öz döwründe: «Sözümiz dünýä dolsun» diýen niýet bilen ýaşapdyr. Bu gün bolsa şol arzuwlar hasyl boldy. Biz iňlis, rus, hytaý, ýapon, nemes, fransuz, arap, pars we beýleki dünýä dillerini öwrenip, şol dillerde türkmeniň bedew batly ösüşini, ýurdumyzyň bagtyýarlygyny wasp edýäris. Täze ýylyň şygarynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy bizi has-da yhlasly okamaga, ylym-bilim dünýäsine aralaşmaga we pederlerimizden galan mukaddes gymmatlyklary gözüň göreji ýaly gorap saklamaga ruhlandyrýar.

Bize şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin.