Türkmen edebiýatynyň at-abraýyny dünýäniň şygyr älemine aralaşdyran Magtymguly atamyz hakynda aýdara zat kän. Dana atamyzyň ynsan ruhuna täsir edýän goşgulary her bir okyjyny ruhlandyrýar. Şahyryň paýhas gory oňa teşneleriň teşneligini gandyrýar. Magtymguly Pyragy — şygyr äleminiň soltany. Ençeme ýyllar geçse-de, halkymyzyň hakydasynda baky ornan şahyr ata Watanymyzyň täze eýýamynda bütin dünýä jemgyýetçiliginiň çuňňur hormatyna eýe boldy. Magtymgulynyň şygyr diwanynyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi türkmen danasyny äleme tanatdy.
Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä içre dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny peşgeş bermegi şahyryň umman ýaly döredijiliginiň adamzat gymmatlygyna öwrülendiginiň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eserinde beýik söz ussadynyň edebi döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşan ägirt goşandy, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilen dabaraly çäreler, şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde alymlaryň bitiren hyzmatlary, ýurdumyzyň bu ugurda ýeten sepgitleri barada giňişleýin beýan edilipdir.
Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda «Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly sözlerini, parlak pikirlerini, röwşen-nurana garaýyşlaryny, arzuw-umytlaryny durmuşa ornaşdyrmak hem döwletliligiň alamaty» diýip belleýşi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen danasynyň waspyny «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda belentden ýetirýär. Kitabyň 3 dilde — türkmen, rus, iňlis dillerin de neşir edilmegi Magtymgula düşünmeklige ýol açýar we halklary dostlaşdyrýar.
Kitapda: «Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere eýe bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz akyldaryň manyly ömrüne, älem ýaly giň döredijiligine düşünmek üçin ýi ti ze hi niň gerekdigini nygtaýar. Kitabyň şeýle parasatly jümleler bi len baýlaşmagy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni artdyryp, uly seslenmä eýe bolýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ilkinji günlerinden täze kitabyň tanyş-dyrylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandy. Bu bolsa ýylyň başlangyjyndan halkymyzyň asylly işlerden badalga almagy, asuda ýurdumyzyň gazanjak üstünlikleriniň, ýetjek täze sepgitleriniň badyna bat goşar. «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitap parahatçylyk şygary astynda geçýän ýylymyzda dost-doganlygyň jebis köprüsini gurdy.