DÜNÝÄ DILLERI — DOST-DOGANLYGYŇ KÖPRÜSI

20.12.2024

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de türk­men ýaş­la­ry dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bilim al­ýar­lar. Ýaş­lar dün­ýä dil­le­ri­ni su­wa­ra öw­renip, işin­e us­sat hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­ýär­ler. Hu­su­san­da, hä­zir­ki wagt­da türk­men ýaş­la­ry koreý di­li­ni hem öw­ren­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dirýär­ler. Şonuň ne­ti­je­sin­de bol­sa, ýur­du­my­zyň bilim ojak­la­ryn­da ko­reý di­li öw­re­dil­ýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili hünär hökmünde okadylyp gelinýär. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenler, dilçi mugallymlar we terjimeçiler taýýarlanýar. Koreý dili sapaklary häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen synp otaglarynda alnyp barylýar. Bu hünärde bilim alýan talyplar we koreý dili mugallymlary Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen geçirilýän onlaýn okuwlaryna we okuw sapaklaryna yzygiderli gatnaşyp, tejribe toplaýarlar. Şeýle­-de talyplar okuwdan daşary boş wagtlary koreý medeniýetini içgin öwrenmek maksady bilen, koreý milli tagamlaryny taýýarlaýarlar, aýdym-saz sungatyny öwrenýärler, döwrebap milli tans dessurlaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. Koreý dilini öwrenmäge höwesli körpeleriň islegleri ni hem nazarda tutup, türkmen ertekilerini we multfilmlerini koreý diline terjime edip, teleýaýlym arkaly hödürleýärler. Mundan başga­da, koreý dili hünäriniň talyplary koreý diline ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde mugallymçylyk tejribeligi ni geçýärler we okuw sapaklary arkaly okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürýärler, özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde görkezýärler. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimizde ýylyň ýylyna «Koreý diliniň suhangöýlik sungaty» atly bäsleşik geçirilýär. Her ýylda geçirilýän bu bäsleşik özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän bu çäreler bolsa, öz gezeginde, talyplaryň koreý medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny içgin öwrenmegine uly itergi berýär. 2024 — 2025-­nji okuw ýylynyň sentýabr­-oktýabr aýlary koreý dilinde bilim alýan talyplar üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi. 2024-­nji ýylyň oktýabr aýynda ýokary okuw mekdebimizde koreý milli elipbiýiniň döredilen güni mynasybetli bäsleşik görnüşli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şunda koreý dili hünäriniň 1­nji, 2­nji, 3­nji we 4­nji ýyl talyplarynyň arasynda «Çeper okaýyş» bäsleşigi geçirildi. Olar Koreýanyň meşhur şahyrlarynyň şygyrlaryny koreý dilinde ýerine ýetirdiler.

Ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan ukyplary örän buýsandyryjydyr. Şonuň üçin hem institutyň koreý dili hünäriniň professor ­mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirilýär. Munuň özi dil öwrenmäge, dil biliminiň çuňluklaryna düşünmäge oňat mümkinçilik döredýär. Dilleri öwrenmek halklaryň dostlugyny berkitmekdir. Şonuň üçin hem institutymyzyň mugallymlaryny dil öwretmek bilen bir hatarda ýaşlarda dost­doganlyk düşünjesini kemala getirýärler.