GADYMY HEŇŇAMYŇ AÝDYMY

26.12.2024

Pederlerimiziň gymmatly edebi mirasy, däp-dessurlary, urp-adatlary şol pursatlaryň          ähmiýetliligini görkezýän aýnadyr. Gadymy Türkmen halkynyň                    döreden milli gymmatlyklary egsilmez baýlykdyr. Hut şu jähetden «Hakyda göwheri» kitaby Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir.

   Döwletiň çäginde has uzaklarda ökde senetçileriň, halyçylaryň, dokmaçylaryň, binagärleriň, heýkeltaraşlaryň, hatdatlaryň, orta asyr türkmen şäherleriniň beýleki başarjaň adamlarynyň döreden nepis el işleri, senetçilik önümleri hem şöhratlanypdyr. Ynsanyň gözellige bolan söýgüsini, duýgularynyň erkinligini halydan başga şeýle kämil dereje beýan edip biljek sungat ýokdur. Onuňam öz düşündirişli sözlügi ýok. Mundaky ähli tilsimlere özüň ýürek bilen duýup, aň ýetirmeli. Men türkmen halysynyň duýgy babatda arassalygyny aýratyn nygtasym gelýär.

  Halkyň pähim-paýhasy, zehini şeýdibem ýaşaýar. Iň gadymy türkmen                     halysynda şekillendirilen ýigrimi dört sany gölden hem alymlar Oguz zamanynyň taryhyndan söz açýan dürli pikirleri aýdýarlar.

   Umuman, milli baýlyklarymyzyň biri beýlekisiniň üstüni ýetirýär. Olar biri-birinden zyýada, her birinde bir dünýä janlandyrylandyr. Ýöne olaryň Älemdäki saýýaralar ýaly, hersiniň özboluşly tebigaty bardyr. Geçmişiň mirasyny geljek üçin aýap saklamak we ony ertire ýetirmek her bir döwrüň öňündäki gaýragoýulmasyz borçdur. Bu her dowrüň ruhuna laýyk filosofiýasyny döretmegiň aýratynlyklarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly baý taryhyny, baý medeni mirasy­ny, döwletlilik ýörelgelerini beýan edýan, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.