Parahatlyk paýlap Ýeriň ýüzüne,
Dost-dogandyr ynamlydyr sözüne,
Paýtagty deňelýär göwher ýüzüne,
Arkadagly Serdar merdiň-merdany,
Türkmenistan bagtyýarlyk mekany
Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrdy.
Bu gün Türkmenistan Bitarap ýurt hökmünde öz üstüne alan borçlaryny hem-de wezipelerini doly we gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet derejesine galdy. Ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen döwletara we sebitara halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.
Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşar ulag, üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de oňa maýa goýumlary çekmäge giňden ýardam berjekdigini, özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigini Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu maslahata gatnaşyjylara ugradan gutlan sözünde belläp geçdi.
Soňra “ak pata bermek” ýaly türkmeniň asylly däbine görä Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza söz berildi. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, şu foruma gatnaşýandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi hem-de maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.
Häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Geografiýa taýdan serişdelere esaslanýan, döwrebap tehnologiýalardan, ekologik standartlardan, netijeli çözgütlerden döredilen uly ykdysady ösüşiň döwri geldi. Häzirki şertlerde ählumumy derejede oýlanmak, hereket etmek hem-de hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr. Şoňa görä-de, esasy halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belläp geçdi.
Halkara maslahat öz işini mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Olaryň birinjisi Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýetine bagyşlandy. Soňra forum öz işini “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri” hem-de “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky orny we ähmiýeti” atly mejlislerde dowam etdi. “Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary” atly mejlisde köp şahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag
düzüminiň döredilmeginiň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýandygyna üns çekildi. “Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaklary” atly jemleýji mejlisdäki çykyşlarda abraýly halkara guramalar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.
Merkezi Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda köpri bolup
durýar. Sebitiň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdany ösdürmekde, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna uly ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi ýaly taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz sebit we ählumumy ulag ulgamlarynda wajyp orny eýeleýär.
Geçirilen maslahat döwletimiziň «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde alyp barýan meýilnamalaýyn işleri amal etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Dostlukly ýörelgelerimiz, oňyn Bitaraplyk syýasatymyz arkaly dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli, köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary saklaýarys. Dünýäniň çar künjünde döwlet Tugumyz pasyrdap, eziz Watanymyzyň beýik abraýyny jahana ýaýýar.
Türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine daýanyp, bütin dünýäde parahatçylygy öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!