HAKYDA GÖWHERI – PAÝHAS DÜRI

19.03.2026

Halkymyzyň pähim-paýhasy, döredijilikli gözlegleri bilen dünýä medeniýetine amaly-haşam sungatynyň kämil nusgalary miras galypdyr. Bu günki gün peder paýhasyndan, zenanlaryň çeper döredijiliginden kemala gelen we ýyllaryň tejribesinde baýlaşan nusgalyk mirasymyz mynasyp bahasyna eýe bolýar. Gadymy mirasa baý halkymyzyň sungat derejesine ýeten gymmatlyklary sanardan köp. Olary öwrenmek nesillerimiziň kalbyndaky milli mirasymyza bolan hormaty has-da artdyrmaga ýardam berýär.

Halkymyzyň taryhy ýoly, däp-dessurlary, gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly medeni mirasa aýratyn orun degişlidir. Olary çuňňur öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren eserleri möhüm gollanmadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseri halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Alym Arkadagymyzyň kitapda: «Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda, dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýip bellemegi, biz – ýaşlarda milli buýsanç duýgusyny ýokarlandyrýar.

«Taryha syýahat» we «Ruhy miras» atly iki bapdan ybarat bolan eseriň birinji babynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen şöhratly taryhymyz, dünýä jahankeşdelerini, syýahatçylary haýran galdyrýan binagärlik aýratynlygy boýunça tapawutlanýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gyzykly maglumatlar gürrüň berilýär. Eserde ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýolunyň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň giňden beýan edilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhy­medeni ýadygärlikler baradaky pikirlerini halkymyz bilen paýlaşmagy bolsa her birimizi begendirýär hem-de buýsandyrýar.

Umuman, alym Arkadagymyzyň bu şadiwany ýurdumyzyň taryhy geçmişini, şu gününi, geljegini beýan etmekde, dünýä halklaryny baý hem-de köptaraply türkmen medeniýeti, sungaty we ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşdyrmakda örän ähmiýetli bolup, türkmen halkynyň milli mirasyny goramakda, ony geljek nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.