Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby turuwbaşdan ýurdumyzyň ilatynyň ähli gatlagynda we dünýä halklarynda uly gyzyklanma döretdi. Bu kitap türkmen we iňlis dillerinde neşir edildi. Bu eserde türkmeniň baý taryhy we medeni mirasy bilen okyjylary giňden tanyşdyrmak maksadyndan ugur alynýar. «Hakyda göwheri» atly kitaby ýaşlaryň terbiýeçilik işinde möhüm orun eýeledi. Onda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlaklylyk temalaryna uly üns berilýär. Alym Arkadagymyz kitabyň mazmunyny iki baba bölüpdir. «Taryha syýahat» atly birinji babynda türkmeniň gahrymançylyga ýugrulan baý taryhy barada gürrüň gozgalýar. «Ruhy miras» atly ikinji baby türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy barada çuň düşünje berýär.
Häzirki Türkmenistanyň çäginiň köp ýerlerinde gadymyýetde uly siwilizasiýalar, dürli medeniýetler bolan. Olaryň arasynda Änew medeniýetini, Parfiýa döwletini, bürünç zamanyna pajarlap ösen Altyndepe we Marguş siwilizasiýalaryny, beýik Seljuklar we Horezmşalar döwründe döredilen imperiýalar barada aýtmak bolar. Täze kitap hem bu siwilizasiýalar, gadymy medeniýetler, imperiýalar barada gürrüň edip, kalbyňda geçmişiňe bolan buýsanjy oýarýar.
Bu ajaýyp eser özüne çekiji wakalar, kyssalar, dürli maglumatlar bilen baýlaşdyrylypdyr. şeýle-de türkmeniň taryhynda adalatlylyk, batyrlyk, mertlik, ugurtapyjylyk, ylym-bilime söýgüsi bilen özüni tanadan patyşalar, serkerdeler, alymlar, akyl- darlar, şahyrlar, ýazyjylar barada Gahryman Arkadagymyz öz pikirini beýan edipdir. Olaryň arasynda Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Aly Ibn Sina, Abu Reýhan al-Biruny, Muhammet al-Horezmi, Mahmyt Zamahşary, Abdylla Şabende, Magtymguly Pyragy, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady ýaly beýik şahsyýetleri aýtmak bolar.
Kitabyň çuň many-mazmunlylygy, dürli pikirlere we garaýyşlara baý bolmagy okyjylaryň giň köpçüligini özüne çekdi. Ajaýyp eseriň sada dilde gyzykly beýan edilmegi okyjyny oýlandyrýar, onda bilmek höwesini oýarýar, ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri biz — mugallymlar üçin hem milli medeniýetiň, geçmiş mirasymyzyň gymmatly, ygtybarly çeşmesidir, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň düşünjesini has-da artdyrmakda ähmiýetli gollanmadyr.