Mart aýynyň 19-yna Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýändigi bizi diýseň begendirdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Bu forum hem halkara ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Ol söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar. Munuň özi durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şerti bolup çykyş edýär. Ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň we energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.Bu maslahata daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň we iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy. Bu biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär. Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Bu maslahatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi örän möhüm taslamalaryň biridigi barada durlup geçildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň indi ençeme ýyllardan bäri elektrik energiýasyny ibermekde serhetdeş sebitler bilen netijeli işleri alyp barýandyklaryny, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen, ýurtlarymyzyň häzirki zaman elektroenergetika desgalaryny gurmak barada hem teklipleri öňe sürýändiklerini belledi. Bu forumyň Türkmenistanda geçirilmegi tötänden däldir. Türkmenistan parahatçylygyň durnukly ösüşi üpjün etmegiň binýadydygy baradaky ýörelgeden ugur alyp, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirýär. Merkezi Aziýanyň möhüm ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda köpri bolup durýar. Sebitiň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdany ösdürmekde, medeniýetleriň özara alyşmagynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi ýaly taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz sebit we ählumumy ulag ulgamlarynda wajyp orny eýeleýär. Ygtybarly infrastruktura ykdysady ösüşiň binýady, maýa goýumlary çekmegiň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu maslahatda Türkmenistanyň bu ugurda uly ösüşleri gazanandygy bellenildi. Bu günki gün ýurdumyz durnukly energiýa howpsuzlygy ugrunda çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan anyk teklipleri öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda TOPH taslamasynyň gurluşygy bilen bir hatarda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Aýratyn ähmiýete eýe bolan bu taslamalar tutuş sebitiň durnukly ösüşine, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna täze itergi bermäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen bu gezekki forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.Ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä ýaýmakada uly mümkinçilikler döredýän Gahrymam Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!