Parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki möhüm orny

22.03.2025

Bilşimiz ýaly, üstümizdäki 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şanly üstünliklere beslenýär. Bu günki günde ýurdumyzyň parahatsöýüjilik taglymaty halkara derejesinde uly abraý-mertebä eýe bolýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty halkara derejeleýin ösüşlerimiziň möhüm taryhy wakasyna öwrüldi. Bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, taryhy söz sözlemegi maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatda bellenilişi ýaly, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda bu maslahatyň ähmiýeti örän uludyr.

Bilşimiz ýaly, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde halkara taslamalary işjeň amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň köptaraply ulgamyny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler bar. Türkmenistan ýurdumyz sebitde energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, dünýä döwletleri, iri halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Munuň özi bolsa geosyýasy we geoykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup, sebitde energetika howpsuzlygyny, üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmekde, milli hem-de sebitleýin taslamalara maýa goýumlary işjeň çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimizi dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, köpugurly esasda ösdürmek bilen bagly öňde duran wajyp wezipeler milli maksatnamalarymyzyň hem esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Energetika we ulag ulgamyny ösdürmek, beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi olaryň esasy ugurlaryna degişlidir. Bu ugurlar boýunça sebit derejesinde hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilik döredilýär. Çünki häzirki wagtda Türkmenistan diýarymyz sebitde energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygyna öwrülýär. Bitarap döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýangyç-energetika ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda hem maksatnamalaýyn işler baradaky mesele maslahatyň dowamynda bellenilip geçildi.

Şeýle-de, ýurdumyz mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň hatarynda durýanadygy babatynda aýratyn durlup geçildi. Öz nobatynda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi-de yzygiderli artdyrylyp, eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Dünýäde energiýa serişdelerine bolan talaplaryň gün-günden artýandygyny nazarda tutup, ýurdumyz energetika taslamalaryny amala aşyrmakda sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we ony täze derejelere çykarmagy esasy wezipeleriň biri hasaplaýar.

Gahryman Arkadagymyz özüniň taryhy çykyşynda Energetika, ulag we üpjünçilik taslamalaryna uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň barha artýandygyny aýratyn belledi. Bellenilişi ýaly, sebitiň ýurtlarynyň umumy ösüşini göz öňünde tutýan bu ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna beýleki döwletlerdir iri halkara guramalaryň, şol sanda halkara maliýe düzümleriniň işjeň gatnaşmagy daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýa taýdan ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesiniň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu halkara maslahat Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagynda, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag we üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda, oňa maýa goýumlary çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamy dünýäniň iň iri abraýly guramalarynyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Biz hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň ýokary derejede üstünlikli geçirilenligi bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!