Çagalyk — süýji ýatlamalaryň mekany. Meniň-ä çagalyk ýatlamalarymyň aglabasy garry atamdyr enemiň gürrüň beren gyzyklydan-gyzykly zatlary bilen baglanyşykly geçdi. Şolaryň arasynda şu tymsal hem hakydama hemişelik ýazylypdyr.
Ir wagtlar Ahal sebitlerinde daýhançylykdan rysgal tapan bir gurply kişi ýaşapdyr. Onuň adynyň ile dolmagyna baýlygyndanda beter eli açyklygy sebäp bolupdyr. Islendik ýagdaý ýüze çykyp, gapysyndan barany boş goýbermänsoň, diňe bir obadaşlary däl, şol jelegaýlaryň ähli ilaty ony hossary saýypdyr.
Günlerde bir gün ýaňky sahy kişi bir dert tapynyp, başyny düşege goýýar. Onuň halyny sorap gelenleriň yzy üzülmeýär. Ýatanyna aý tegeleniberende onuň gapysyndan bir kişi gelip:
— Men bir düýş gördüm — diýip, gürrüňe başlaýar. — Düýşüme erenler bolsada bilemok, pirlerdiginem anyk aýdyp biljek däl, boýdanbaşa apak lybasly kişiler girdi. Olara siziň derdiňiz barada aýtdym. Sözümi soňlamankam: «Bilýäs. Oň derdiniň dermany eýýäm edildi, ýene az wagtdan aýak üstüne galar. Ýöne üç ýüz altmyş Piriň öwlüýäsine gelip, bir janly soýup, sadaka bermegi unutmasyn» diýdiler.
Sahy kişi myhmany serpaýlaýar. Myhmanyň ýolunyň şol tarapdadygyny bilensoň bolsa:
— Aýdylansoň, «Haçan gutularkam» diýip garaşyp ýörsek gelşiksiz bolar. Kyn görmän, baran badyňyza meniň adymdan sadaka ber — diýip, myhmanyň eline bir janlynyň bahasyny berip goýberýär.
Hoş habardan soň, sahy kişi gününi sanap gowulanýar. Ýöne hiç kalby rahat tapmansoň, ol şol aralykda başgada üçdört adama «meniň adymdan sadaka ber» diýip, janlynyň puluny berip goýberýär.
Uzak aralyk, üstesine işalada, garaz, «sadaka sargytlylaryň» hersi bir sebäp bilen azkem eglenip, zyýarathana ýerine bir wagtda barýarlar. Dörtbäş adamyň dagy bir kişiniň sargydy bilen sadaka bermäge barandygy hemmeleri geň galdyrýar. Ýöne aňyrdan sahy kişiniň özüniň gelmegi olary hasda haýrana goýýar. Sadaka berilmeli malyň puluny alyp gaýdanlar ony görüp, ýüzleri gyzaryp, ötünç
soramak bilen bolýarlar.
— Zyýany ýok — diýip, sahy kişi ýylgyrýar. — Bu bir uzak ýol, adamy eglemek üçin munda bahana tapylmasy kyn däl. Hernä, sagaman gelen ýeriňiz bolýar. Ýöne biziň oba bilen bu ýeriniň arasynyň ýoly uzagam bolsa, ömrüň uzaklygyna ygtybar ýok. Şonuň üçinem, «birden şular gaty eglenip, o dünýä bergidar barmaly bolaýmaýyn» diýdim de, halys ynjalman, özümem gaýdyberdim.