Elektron žurnalyň ylmy makalalary resmileşdirmek we olary çapa
tabşyrmak üçin
Düzgünnamasy
Makalanyň ugurlary:
1- Filologiýa
2- Okatmagyň usulyýeti
3- Jemgyýeti öwreniş ylymlary
4- Pedagogika
Makalanyň talaplary:
- hödürlenýän makala öň beýleki neşirlerde çap edilmedik bolmaly.
Makalanyň temasy wajyp , ylmy täzeligi bolmalydyr.
Makalanyň tekstiniň göwrümi
Makalanyň tekstiniň göwrümi boşluklar we salgylanmalar hasaba alnanda 5-10
sahypa aralygynda bolmaly.
Makalanyň tekstiniň formaty
- Times New Romanda, 14-lik şriftde, tekstiň inine görä sahypanyň ortasyna
deňölçegli görnüşde ýerleşdirilmeli;
- sahypanyň her tarapyndaky boşluk – 2 sm, setir arasy – 1,5 pt
Makalanyň tekstiniň gurluşy
Makalanyň teksti türkmen, rus ýa-da iňlis dilleriniň birinde berilmeli.
• Sözbaşy (Times New Romanda, 16-lyk şriftde, ýarym gara, sahypanyň
ortasynda ýerleşmeli);
• Makalanyň awtorynyň doly familiýasy we ady, awtor baradaky maglumatlar
– alymlyk atlary, alymlyk derejeleri, wezipesi, işleýän/okaýan ýeri (edaranyň ady)
(Times New Romanda, 14-lik şriftde, ýarym gara gyýtak, sahypanyň çep tarapynda
ýerleşmeli, sözbaşydan soň bir setir goýberilip ýazylmaly);
• Annotasiýa üç dilde - türkmen, iňlis, rus dillerinde bolmaly.
Annotasiýa işiň mazmunyna doly laýyk gelmeli. Annotasiýanyň tekstiniň
göwrümi setir arasy – 1,5 pt we 0.5 sahypadan köp bolmaly däl. Makalanyň ady
Times New Romanda, 14-lik şriftde, ýarym gara, sahypanyň ortasynda ýerleşmeli,
awtor baradaky maglumatlardan soň bir setir goýlup ýazylmaly.
Açar sözleri 1-den 10-a çenli bolup, annotasiýanyň aşak ýanynda ýerleşmeli.
Açar sözleri “Açar sözi” ýazgysyndan soň, şol bir setirde, oturdan soň ýazylmaly.
• Awtorlar bilen habarlaşmak üçin maglumatlar (Baş sahypada F.A.A.a.-da
salgylanmada ýerleşdirilýär, awtoryň ýa-da awtorlaryň familiýasy, ady, atasynyň
ady we elektron poçtasy görkezilmeli.);
Edebiýatlaryň sanawynyň taýýarlanylyş düzgünleri
• Edebiýatlaryň sanawy makalanyň soňunda getirilmeli we “Edebiýat” atly
sözbaşy goýulmaly.
• Edebiýatlaryň sanawynda her bir edebiýat çeşmesi täze setirden ýazylmaly.
Sanawda ähli işler elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär. Ilki türkmen dilindäki, yzyndan
daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar, soňra elektron çeşmeler berilmeli.
Salgylanmalaryň getirilişi
Tekstde edebiýata salgylanylanda ol baradaky maglumatlar “[]”-da berilýär.