"Ilkinji gezek hytaý dili boýunça geçirilen bäsleşik"

274
2024-nji ýylyň  maý aýynyň 6-syndan 16-sy aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda  Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda I Suhangöýlik bäsleşigi  iki tapgyrda onlaýn hem-de ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirildi. Bäsleşigiň birinji tapgyryna Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinden 21 talyp, ikinji tapgyryna 10 talyp gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar hytaý diliniň orta derejesi boýunça “Adam we tebigat”, “Hytaý medeniýeti”, “Meniň Hytaýa syýahadatym” atly temalardan düzme ýazmak, ýazan düzmeleri boýunça taýýarlan prezentasiýalary arkaly temany gürrüň bermek boýunça bäsleşdiler. Ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly mugallymlaryndan düzülen eminler topary  bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerine baha berdiler. Emin agzalarynyň bir agyzdan goldamagy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýjahan Agaýewa baş baýraga, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýlar Baýrammämmedowa birinji orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Şabibi Beşimowa ikinji orna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Gülnäz Seýitmämmedowa 3-nji orna mynasyp boldy. Ýokary ruhubelentlikde geçen bäsleşik oňa gatnaşyjylarda  uly täsir galdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08