Fransuz dilinden geçirilen olimpiada
737Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky 519 Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” we 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyl¬lar üçin Döw¬let maksatnamasyndan” ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 6-syna fransuz dili dersi boýunça olimpiada geçirdi.
Eminler toparynyň gelen netijesi boýunça aşakda görkezilen okuwçylar ýeňiji diýlip yglan edildi.
Baş baýrak - Jumageldiýewa Leýla, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Zehinli ýaşlar mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy;
1-nji orun - Gasanowa Ramina, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy;
2-nji orun - Niýazow Guwanç, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy;
3-nji orun - Orazkulyýewa Leýli, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.
Olimpiadanyň ýeňijileri Fransuz dili hepdeliginiň jemleýji dabarasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy, olary taýýarlan mugallymlar institutyň Hormat haty bilen sylaglandy.