Daşary ýurt dilleri mugallymlarynyň ylmy-usuly seminary geçirildi

872
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesle dünýä derejesinde bilim bermek baradaky aladalar döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüldi. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça meselelere aýratyn üns berilýär. 
Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bilimiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2024-nji ýylyň 8-nji aprelinden 20-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň ýapon dili mugallymlaryna daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullary boýunça  Ýapon gaznasynyň baş hünärmeni Hiroşi Itonyň, Ýapon gaznasynyň hünärmeni Naruhito Katsunyň,  Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň  mugallymy Oku Masahironyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň  mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Laçyn Gurdowanyň  gatnaşmagynda seminar sapaklary geçirildi. Onda  “Daşary ýurt  dilini (ýapon dilini) okatmagyň häzirki zaman usullary” dersi boýunça  “Türkmen we ýapon dillerinde  kollokasiýalaryň aýratynlyklary”, “Ýapon dili sapagynyň  okuwçylaryň ene dili bilen  degşirilip geçilmeginiň  ähmiýeti”, “Ýapon dili  sapagynda gepleşik nusgalaryna, tekstlere, baglanyşykly sözleýşe, sözlük bilen işlemäge üns berilmeginiň zerurlygy”  ýaly meseleleri öz içine alýan temalar toplumyndan umumy okuwlar, amaly sapaklar geçildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08