Dostlukly hyzmatdaşlyk

105
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň häzirki döwürde amala aşyrýan daşary syýasaty  ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyna açykdygy, milli bähbitlere ygrarlydygy, özara gatnaşyklar meselelerini ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli çözmäge taýýardygy bilen tapawutlanýar. Ol ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy, dürli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklamaga hem-de berkitmäge gönükdirilendir.
Taryhy, medeni, ruhy umumylyklara esaslanýan türkmen-eýran halklarynyň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.  Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasy bilen ylym-bilim we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn bähbitli  gatnaşyklaryň durnukly depginini üpjün etmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. 
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň resmi dili - pars diliniň 1990-njy ýyldan bäri hünär dili hökmünde okadylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan türkmen-eýran medeni gatnaşyklary esasynda geçirilýän medeniýet günlerine, sport çärelerine, sergilere, ylmy-amaly maslahatlara, forumlara pars dili hünäriniň mugallymlarydyr talyplary meýletinçi hem-de terjimeçi hökmünde gatnaşýarlar. 2018-nji ýylda bolsa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama baglaşyldy we 2023-nji ýylda bu Ähtnamanyň möhleti uzaldyldy hem-de onuň çäginde özara  hyzmatdaşlyk boýunça degişli işler üstünlikli amala aşyrylýar.
 Institutymyzyň mugallymlary we talyplary Türkmenistandaky Eýran Yslam Respublikasynyň medeni merkezi bilen bilelikde çäreler gurnaýar. Olardan pars dilli şahyrlar Hafyz Şiraza, Nyzamy Genjewä, Sagdy Şiraza bagyşlanyp geçirilen çäreleri,  ýokary okuw mekdebimiziň pars dili hünäriniň mugallymlarynyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň we Demirgazyk  Horasan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren üç sany açyk sapagyny aýratyn bellemek bolar.   
Bu iki dostlukly döwletiň arasynda medeni, ylym-bilim ulgamlary boýunça geçirilýän çäreler medeni köprüleriň has-da   berkemegine ýardam berýär. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy

Telefon belgiler:
+99312 36-84-08