KOREÝALY TALYPLARYŇ DILLER DÜNÝÄSINDÄKI OKUW TEJRIBELIGI

Bilim ulgamynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty daşary ýurtlaryň ençeme bilim ojaklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şeýle gatnaşyklaryň geriminiň barha giňemegi bolsa türkmen ýaşlary bilen bilelikde dünýä ýaşlarynyň hem mümkinçiliklerini artdyrýar. Şu nukdaýnazardan, «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» şertlerine laýyklykda, üstümizdäki ýylda koreýaly ýaşlaryň okuw tejribeliklerini geçmek üçin instituta myhman bolmaklary aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi, institutyň döwrebap maddy-tehniki binýadynyň, tejribeli professor-mugallymlar düzüminiň we baý lingwistik tejribesiniň dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän ýaşlaryň türkmen we dünýä dillerini hem-de milli medeniýetimizi içgin öwrenmekleri üçin giň şertleri döredýändigini äşgär edýär.

Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetiniň 6 sany talyby Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hünär okuw tejribeligini geçýärler. Bu halkara topara jogapkär daşary ýurtly ýörite wekil Kim Taewanyň hem instituta gelmegi ikitaraplaýyn bilim tejribeleriň baýlaşmagyna giň ýol açýar. 

Amala aşyrylýan maksatnamanyň okuw meýilnamasy täzeçil röwüşde guralyp, onuň dowamynda daşary ýurtly ýaşlar iňlis dili we türkmen dili derslerini ýöriteleşdirilen usullar arkaly giňişleýin öwrenýärler. Şunuň bilen birlikde, myhman talyplar institutyň koreý dili hünärinde okaýan türkmen talyplary bilen yzygiderli söhbetdeşlikleri guraýarlar. Bu amaly duşuşyklar talyplaryň özara dil endiklerini janly aragatnaşykda bakämilleşdirmäge, iki ýurduň bilim ulgamyndaky häzirki zaman tendensiýalaryny paýlaşmaga we geljekde netijeli ýaşlar taslamalaryna badalga bermäge uly itergi berýär.

Institutymyzda ýokary derejede guralýan şeýle okuw tejribelikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylmy-pedagogik gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da belende götermekde we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmakda taryhy ähmiýete eýedir.