Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan dünýäniň parahatçylyk dörediji merkezine öwrüldi. Bu gün ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleriň her biri döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni ösüşiniň dabaralanmasy bolup çykyş edýär. Bu belent sepgitlerde ýaş meýletinçi-terjimeçileriň hyzmaty has-da aýdyň görünýär. Dünýä dillerini suwara bilýän ýaşlarymyz türkmen diplomatiýasynyň halkara giňişligindäki ynamly we wekilçilikli güýji hökmünde çykyş edýärler.
Ýaş meýletinçileriň halkara derejesindäki işjeňligi ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ajaýyp miwesidir. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda, paýtagtymyz Aşgabatda we sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäherinde guralýan wekilçilikli maslahatlar muňa aýdyň subutnamadyr. Bu ýokary derejeli forumlarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy mugallymlary, zehinli talyplary dürli ýurtlardan gelen wekiller bilen erkin aragatnaşygy üpjün edip, terjimeçilik ukyplaryny görkezýärler. Olaryň daşary ýurt dillerini diňe bir gepleşik derejesinde däl, eýsem, diplomatik we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda ulanmaklary daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Meýletinçi-terjimeçi ýaşlar diňe bir dil bilijiler däl, eýsem, türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý medeniýetini dünýä tanyşdyrýan medeniýet ilçileridir. Olar her bir myhmany milli myhmansöýerlik däplerimiz esasynda güler ýüz bilen garşylaýarlar. Türkmeniň beýik şahsyýetleriniň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny, Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň parahatçylygy berkitmekdäki, durnukly ösüşe ýetmekdäki ähmiýetini myhmanlaryň öz ene dillerinde gürrüň berip, halkara dostlugyny berkidýärler.
Bedew batly zamanamyzda döwletimiz tarapyndan ýaşlara döwrebap bilim bermek ugrunda edilýän aladalar özüniň oňyn miwesini berýär. Munuň esasynda ýaşlar diňe bir gepleşik dilini däl, eýsem, ykdysadyýet, ulag, diplomatiýa we ekologiýa ýaly çylşyrymly ugurlaryň ýöriteleşdirilen adalgalaryny hem ussatlyk bilen ulanýarlar. Halkara çärelerde özüňi alyp barmagyň we diplomatik gatnaşyklaryň inçeliklerini bilmekleri, türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändiginiň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2026-njy ýyly “Durnukly ösüş maksatlary üçin meýletinçileriň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi meýletinçileriň halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşyp öz sesini goşmagy ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi görkezýär. Ýurdumyzyň meýletinçileriniň hem dünýä bileleşigi bilen tejribe alyşmagyna şert döretjek, dünýäniň islendik nokadynda parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmat etmäge taýýardygyny görkezjek bu halkara başlangyç ýaşlary täze eýýamyň belent maksatlaryna tarap has-da ruhlandyrdy.
Çünki bu babatda ata Watanymyzda hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziň döredilmeginiň beýanynda hem görmek bolýar. Bu merkeziň ýaş meýletinçi-terjimeçileri taýýarlamakda ýola goýan işi dilçi ýaşlaryň täze neslini kemala getirmäge mynasyp goşant goşýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygary astynda öňe barýan ýaş meýletinçilerimiz, özleriniň terjimeçilik ukyplary we hünär ussatlyklary bilen Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterýärler. Bu işlere Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öňdebaryjy mugallymlary bilen birlikde zehinli talyplarynyň hem gatnaşmagy bizi dilçi mugallym hökmünde aýratyn buýsandyrýar. Çünki meýletinçi-terjimeçi ýaşlaryň her bir ädimi Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagyna goşulan mynasyp goşantdyr.
Biz ýaşlara – meýletinçi-terjimeçilere dünýä dillerini kämil derejede öwrenmäge, halkara derejesinde ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary rowaçlyklara ýar bolsun!