Ýürek buýsanjy

28.09.2024

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň amala aşyrýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde durmuşyň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeler bolup geçýär. Milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek we innowasion ýoly bilen ösdürmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň giňden goldaw bermeginde bilim ulgamynyň halkara standartlaryna laýyklykda çuňňur döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýar, bu bolsa ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we ony terbiýelemek üçin zerur şertleri döredýär.

Giň gerimli özgertmeler bilimiň mekdebe çenli edaralardan başlap, ýokary bilim ulgamyna çenli ähli derejelerini gurşap alýar. Häzirkizaman bilim tehnologiýalaryny işe ornaşdyrmak bu özgertmeleriň çäginde möhüm orun tutýar. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine saldamly goşant goşmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirkizaman okuw toplumlarynyň, täze mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň açylyp ulanylmaga berilmegi, olaryň iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy biziň ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim almaga mümkinçilik döredýär. Dilleri okatmagyň toplumlaýyn konsepsiýalarynyň durmuşa geçirilmegi bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredildi, bu bolsa biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň utgaşmagyna ýardam edýär. Bilim ulgamynyň ýokary depginlerde ösdürilmegi ýaş nesliň ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam etdirmeginiň we halkymyzyň abadançylygyny berkitmäge hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işlere işjeň gatnaşmagynyň girewidir.

Bilim ulgamynyň wekili hökmünde ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge we okatmaga goşant goşýandygym üçin meni buýsanç duýgulary gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza meniň zähmetime ýokary baha berip, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandygy üçin ýürekden çykýan hoşallyklarymy aýdýaryn. Meniň üçin bu ýöne bir tapawutlandyryjy nyşan däl. Ýokary döwlet sylagy meni has-da yhlasly işlemäge borçly edýär, ýaşlary okuwda täze sepgitlere ýetmäge we öz käri boýunça kämilleşmegini dowam etdirmekde olary ruhlandyrmaga höweslendirýär. Maňa ýokary döwlet sylagynyň berilmegine uly hormat we jogapkärçilik diýip düşünýärin. Ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini dowam etdirjek watansöýüji täze nesli terbiýelemek arkaly beýik ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup bilýändigim üçin men özümi bagtly duýýaryn.

Köp ýylyň dowamynda toplan mugallymçylyk tejribäm bilimiň we terbiýäniň halkyň hem-de ýurduň gülläp ösmegine alyp barýan ýoldygy barada mende berk ynanç döretdi. Ýagty geljegiň hatyrasyna bu beýik işe dahyllydygyma buýsanýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy eziz Watanymyzyň şöhrata beslenmegi üçin mundan beýläk hem joşgunly zähmet çekjekdigim barada ynandyrasym gelýär.