Ýaşlary buýsandyrýan beýik ynam

23.10.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen resminamalar, olaryň hatarynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlar barada döwlet syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu ilhalar çözgütleriň oňyn netijeleri ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakda, Watana wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde gazanyljak üstünliklerde, ýetiljek belent sepgitlerde aýdyň ýüze çykar. Şol bir wagtda hem bu hukuk resminamalarynyň wajyp ähmiýetini döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmekde alnyp barylýan giň gerimli tutumlaryň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmeginde doly görmek bolar. Munuň özi berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýandygynyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesil hakyndaky aladanyň geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanyşykly we asylly maýa goýumdygyny aýratyn nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz bolsa ýaşlara ýurduň geljegini gurujylar hökmünde garaýar. Biziň — ýaşlaryň syýasy taýdan sowatly, öz jogapkärçiligini duýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinen, zähmetsöýer, geljege ynamly, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, hakyky watançy nesiller bolup ýetişmegimiz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir. 

Çeşme