1. Umumy düzgünler
1.1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwletmämmet
Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň (mundan beýläk - Institut)
«Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalynyň (mundan beýläk -
Elektron žurnal) işini düzgünleşdirýär.
1.2. Elektron žurnalyň döredilmegi, ýaýradylmagy, ondan edilýän talaplar,
onda makalalaryň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Köpçülikleýin
habar beriş serişdeleri hakynda», «Neşirýat işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki
syýasaty hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet
hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Ýaşlar barada
döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şu Düzgünnama we beýleki
kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar.
1.3. Elektron žurnaly «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» we
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 26-njy martynda çykaran 1723-nji
belgili karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji
ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen «Internet
ulgamynda elektron ylmy hem-de ylmy-usuly žurnallary döretmek we yzygiderli
kämilleşdirmek» baradaky çäreleri durmuşa geçirmek babatynda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzda alnyp
barylýan ylmy barlaglary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek maksady bilen
döredilýär hem-de elektron görnüşinde, internet ulgamy arkaly ýaýradylýar. Elektron
žurnalyň redaksion geňeşi ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw
mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlaryndan, hünärmenlerinden
hem-de professor-mugallymlaryndan ybarat bolýar. Elektron žurnal çärýekde
bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýär.
1.4. Elektron žurnalyň ady: türkmen dilinde: «Filologiýanyň meseleleri»;
iňlis dilinde: «Issues of philology»; rus dilinde: «Вопросы филологии».
1.5. Elektron žurnalda häzirki zaman ynsanperwer ylymlary, esasan hem dil
biliminiň, edebiýaty öwrenişiň, jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň, okatmagyň
usulyýetiniň, terjimäniň we terjimeçilik işiniň, pedagogikanyň meseleleri boýunça
ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde,
şol sanda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda
ýerine ýetirilen, innowasiýalara esaslanýan ylmy makalalar, şonuň ýaly-da,
raýatlaryň, aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň we beýleki gyzyklanýanlaryň
şahsy başlangyçlary bilen ylmyň wajyp ugurlaryna degişli ýerine ýetirilen we oňyn
syn berlen işler neşir edilýär. Žurnalda daşary ýurtly görnükli alymlaryň işleri hem
çap edilip bilner.
1.6. Elektron žurnalyň Institutyň www.datmddi.edu.tm saýtynda
ýerleşdirilmegi Institutyň Informatika we kompýuter merkezi tarapyndan amala
aşyrylýar.
1.7. Elektron žurnalyň arhiwi Institutyň www.datmddi.edu.tm atly saýtynda
saklanýar.
1.8. Elektron žurnalda çap edilýän makalalara awtorlyk hukuklary
Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy bilen kesgitlenýär we Elektron žurnalda
çap edilen makalalardan peýdalanylanda oňa salgylanmak hökmandyr.
1.9. Elektron žurnaly esaslandyryjy we neşir ediji – Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (redaktirlemek we degişli edaralarda
hasaba almak işleri neşir hyzmatlaryny hödürleýän edara bilen şertnama esasynda
ýerine ýetirilip bilner).
1.10. Elektron žurnalyň maglumatlaryny ulanyjy bilen elektron neşiriň
arabaglanyşygy Institut tarapyndan kesgitlenýär, maglumatlar amatly tertipde
ýerleşdirilýär, tiz gözlegi amala aşyrmak üçin elýeterli edilýär.
1.11. Elektron žurnalyň redaksiýasynyň hukuk salgysy: Aşgabat şäheri, Aba
Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.
2. Elektron žurnaly döretmek, kämilleşdirmek we ýatyrmak
2.1. Institutyň rektory Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşmak
esasynda Elektron žurnaly döretmek barada buýruk çykarýar.
2.2. Elektron žurnal «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy namalara laýyklykda bellige
alynýar.
2.3. Institutyň rektorynyň buýrugy bilen Elektron žurnalyň redaksion geňeşiniň
düzümini kesgitlemek we neşiri kämilleşdirmek üçin redaksion geňeşiň düzümine
üýtgetmeler girizmek işleri amala aşyrylýar, ylmy ugurlary kesgitlenýär.
2.4. Institut Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşmak esasynda
Elektron žurnaly ýaýratmak işini amala aşyrýar.
2.5. Elektron žurnalyň üýtgedilip guralmagynyň we ýatyrylmagynyň tertibi
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Elektron žurnaldan edilýän talaplar we ony ýaýratmagyň tertibi
3.1. Elektron žurnal Internet ulgamy arkaly okyjylara elýeterli edilýär.
3.2. Elektron žurnal www.datmddi.edu.tm elektron salgyda ýerleşdirilýär.
Elektron bukja: www.datmddi.edu.tm/E-žurnal.
3.3. Elektron žurnalyň baş sahypasynyň esasy maglumatnamasynda:
– žurnaly döredijiler barada maglumat;
– sözbaşy;
– çykyş maglumatlary;
– klassifikasiýa indeksi;
– döwlet bellige alyş belgisi;
– halkara standart belgisi (belgi alnandan soňra);
– awtorlyk hukugyny goraýyş şertli belgisi ýerleşdirilýär.
3.4. Elektron žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.
3.5. Elektron žurnalyň redaksion geňeşi degişli ylmy ugurlar boýunça ylmy
derejesi bolan alymlardan we beýleki hünärmenlerden düzülýär.
3.6. Awtorlyk hukugynyň goraglylygyny aňladýan belgi – ©, awtorlyk
hukugyny goraýjynyň ady, çap edilen ýyly Elektron žurnalyň her bir sanynda
görkezilýär we bu işde intellektual eýeçilik boýunça halkara hukugyna esaslanylýar.
3.7. Elektron žurnaly döretmäge gatnaşyjylaryň (redaksion geňeşiň agzalary,
redaktor we başgalar) atlary, awtoryň doly familiýasy we ady, alymlyk ady, alymlyk
derejesi, wezipesi, işleýän / okaýan ýeri (edaranyň ady), sözbaşy, çykyş
maglumatlary, halkara standartyň tertip belgisi, awtorlyk hukugyny goraýyş belgisi
degişli standartlaryň talaplaryna laýyklykda berilýär.
3.8. Elektron žurnalda çykyş maglumatlarynda neşir edijiniň ady, onuň poçta
we elektron salgysy, bellige alyş belgisi we beýlekiler görkezilýär.
3.9. Žurnala hödürlenen makala iki sany garaşsyz bilermene, hünärmene syna
ugradylýar. Syn berýänleriň ýeterlik başarnygyny Elektron žurnalyň redaksiýasy
kesgitleýär. Awtora synçy barada, synça awtor barada maglumat berilmeýär.
Synlaryň esasynda Elektron žurnalyň redaksiýasy makalany neşir etmek, neşir
etmezlik ýa-da onuň üstünde gaýtadan işlemek barada çözgüt çykarýar. Synlaryň asyl
nusgasy Elektron žurnal çap edilen gününden başlap, redaksiýada 3 ýyl saklanýar.
Makalany kabul etmegiň we syn almagyň tertibi, şeýle hem awtorlar üçin düzgünler
Elektron žurnalyň portalynda ýerleşdirilýär. Neşir edilýän makalanyň annotasiýasy
(gysgaça mazmuny), şeýle hem açar sözleri degişli talaplara laýyklykda
taýýarlanylýar.
3.10. Elektron žurnalyň sany her ýyl täzeden başlanýar. Her sanyň belgisinden
soňra ýaýyň içinde žurnalyň esaslandyrylandan bäri çap edilen umumy sany hem
görkezilýär.
3.11. Elektron žurnal halkara standartlaryna laýyk getirilýär.
3.12. Elektron žurnalda çap edilen makalalar elektron çeşmelerde saklanýar we
awtorlyk hukugy goralýar. Ähli gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna we
degişli standartlara laýyklykda kadalaşdyrylýar.
4. Elektron žurnalyň baş redaktory
4.1. Baş redaktoryň wezipesini Institutyň rektory (ýa-da onuň buýrugy bilen
bellenen hünärmen) ýerine ýetirýär.
4.2. Elektron žurnalyň baş redaktory:
– žurnalyň jogapkär kätibini we redaktory belleýär;
– žurnala umumy ylmy ýolbaşçylyk edýär;
– redaksiýanyň düzümini kesgitleýär;
– žurnalyň mazmunyna, göwrümine, makalalaryň ylmylygyna, goýberilişiniň
hiline gözegçilik edýär;
– žurnalyň hilini ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek üçin beýleki ylmy
edaralardan görnükli alymlary, hünärmenleri çekmegi guraýar;
– ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi, okyjylar köpçüligi we awtorlar bilen
yzygiderli döredijilikli gatnaşyklary saklamagy guraýar;
– redaksiýanyň maddy-tehniki üpjünçiligini amala aşyrýar, onuň iş tertibini,
žurnalyň çykýan wagtyny kesgitleýär;
– ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýuridik taraplary bilen gatnaşyklarda
redaksiýanyň adyndan wekilçilik edýär;
– redaksiýanyň adyndan şertnamalary we ylalaşyklary baglaşýar, olaryň ýerine
ýetirilmegini üpjün edýär.
5. Elektron žurnalyň redaksion geňeşi
5.1. Elektron žurnalyň redaksion geňeşiniň düzümi Türkmenistanyň Bilim
ministrligi bilen ylalaşmak esasynda Institutyň rektorynyň buýrugy bilen
tassyklanýar.
5.2. Elektron žurnalyň redaksion geňeşine baş redaktor ýolbaşçylyk edýär.
5.3. Elektron žurnalyň redaksion geňeşi žurnala hödürlenen makalany neşir
etmek, neşir etmezlik ýa-da onuň üstünde gaýtadan işlemek barada çözgüt kabul
edýär.
5.4. Baş redaktoryň tabşyrmagy boýunça makalalary ylmy taýdan redaktirleme
işlerini ýerine ýetirýär;
5.5. Redaksiýanyň iş meýilnamasyny düzýär, onuň işiniň täze ugurlaryny teklip
edýär.
5.6. Elektron žurnalyň taýýarlanylmagyna we çap edilmegine jogapkärçilik
çekýär.
5.7. Redaksion geňeşiň agzalary žurnalyň her sanynyň mazmunyny ara alyp
maslahatlaşmaga gatnaşýarlar. Mejlisiň çözgütleri geňeşiň agzalarynyň düzüminiň
üçden iki bölegi mejlise gatnaşyp, oňa gatnaşýanlaryň sesleriniň ýönekeý köplügi
esasynda kabul edilýär.
6. Elektron žurnalyň redaksiýasy
6.1. Elektron žurnalyň redaksiýasynyň işgärleriniň wezipä bellenmegi we
wezipeden boşadylmagy Institutyň rektorynyň buýrugy bilen amala aşyrylýar.
6.2. Elektron žurnalyň redaksiýasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň Düzgünnamasy we şu Düzgünnama, baş redaktoryň,
redaksion geňeşiň çözgütleri, şeýle hem elektron neşir baradaky standartlar, tehniki
şertler we beýleki kadalaşdyryjy namalar esasynda iş alyp barýar.
6.3. Hödürlenen makalalary kabul etmek, bellige almak, syna ibermek we
redaktirlemek, žurnaly elektron wýorstka etmek, ony degişli edaralarda hasaba
aldyrmak, hilini gözegçilikde saklamak, neşiriň ýaýradylmagyny üpjün etmek işleri
Elektron žurnalyň redaksiýasy tarapyndan amala aşyrylýar (işleriň käbir görnüşleri
neşir hyzmatlaryny hödürleýän edara bilen şertnama esasynda ýerine ýetirilip bilner).
6.4. Elektron žurnalyň sahypalarynyň bezeg işlerini ýerine ýetirýär,
nawigasiýasyny işläp düzýär we önümçilige ornaşdyrýar, portalyň dolandyrylmagy,
maglumat goraglylygy hem-de kompýuter howpsuzlygy boýunça möhüm çäreleri
ýerine ýetirýär, žurnalyň portalyna (tutuşlygyna žurnala we aýry-aýry makalalara)
girýänler baradaky statistik maglumaty ýöredýär we baş redaktory habarly edýär.
6.5. Elektron žurnalyň redaksiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligi Institut
tarapyndan amala aşyrylýar.
7. Elektron žurnaly neşir ediji
7.1. Elektron žurnaly neşir ediji Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutydyr (redaktirlemek we degişli edaralarda hasaba almak
işleri neşir hyzmatyny hödürleýän edara bilen şertnama esasynda ýerine ýetirilip
bilner).
7.2. Elektron žurnaly neşir ediji Institut:
– elektron neşir işini guraýar, žurnalyň maglumat serwerine tor dolandyryşyny
amala aşyrýar;
– Elektron žurnalyň talabalaýyk işlemegi üçin maddy-tehniki şertleri döredýär.
8. Makalalary taýýarlamagyň we tabşyrmagyň tertibi
8.1. Makalalary taýýarlamagyň tertibi Institutyň Elektron žurnalynyň ylmy
makalalary resmileşdirmek we olary çapa tabşyrmak üçin düzgünnamasyna
laýyklykda amala aşyrylýar.
8.2. Institut tarapyndan makalalary kabul etmegiň we taýýarlamagyň tertibi şu
Düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.
8.3. Makalalar Institutyň Elektron žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan kabul
edilýär we ýurdumyzyň ylmy edaralaryna ylymlaryň doktory ýa-da ylymlaryň
kandidaty alymlyk derejeleri bolan bilermenlere, şol ugurdan hünärmenlere syna
iberilýär. Makalalary ugratmagyň möhleti 2 günden, makalalara syn bermegiň
möhleti iki hepdeden geçmeli däldir.
8.4. Syndan gelen makalalary Elektron žurnalyň baş redaktory redaksion
geňeşiň agzalaryna tabşyrýar, olar makalalary çap etmek üçin teklip edýärler. Oňyn
syn bilen birlikde makalany düzetmek hakynda teklipler berlen bolsa, awtor olar
bilen tanyşdyrylýar hem-de olary düzetmek talap edilýär. Awtor çapa beriljek
makalalaryň gutarnykly görnüşi bilen tanyşdyrylýar we ylalaşylýar.
8.5. Talabalaýyk resmileşdirilmedik ýa-da redaksion geňeşiň agzalary
tarapyndan makullanmadyk makalalar çapa hödürlenmeýär, bu barada awtor habarly
edilmeýär we makala yzyna gaýtarylyp berilmeýär.
8.6. Maglumatlaryň doly we bölekleýin nusgasynyň alynmagy diňe Elektron
žurnalyň redaksiýasynyň ýazmaça rugsady, şeýle hem çeşmesine göni salgylanmanyň
görkezilmegi bilen mümkindir