1. Umumy düzgünler
1.1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň (mundan beýläk - Institut) «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalynyň (mundan beýläk - Elektron žurnal) işini düzgünleşdirýär.
1.2. Elektron žurnalyň döredilmegi, ýaýradylmagy, ondan edilýän talaplar, onda makalalaryň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Neşirýat işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şu Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar.
1.3. Elektron žurnal «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 26-njy martynda çykaran 1723-nji belgili karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen «Internet ulgamynda elektron ylmy hem-de ylmy-usuly žurnallary döretmek we yzygiderli kämilleşdirmek» baradaky çäreleri durmuşa geçirmek babatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzda alnypbarylýan ylmy barlaglary halkara giňişliginde giňden wagyz etmek maksady bilendöredilýär hem-de elektron görnüşde, internet ulgamy arkaly ýaýradylýar. Elektron žurnalyň redaksion geňeşi ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlaryndan, hünärmenlerinden hem-de professor-mugallymlaryndan ybarat bolýar. Elektron žurnal çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýär.
1.4. Elektron žurnalyň ady: türkmen dilinde: «Filologiýanyň meseleleri»; iňlis dilinde: «Issues of philology»; rus dilinde: «Вопросы филологии».
1.5. Elektron žurnalda häzirki zaman ynsanperwer ylymlary, esasan hem dil biliminiň, edebiýaty öwrenişiň, jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň, okatmagyňusulyýetiniň, terjimäniň we terjimeçilik işiniň, pedagogikanyň meseleleri boýunça ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, şol sanda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda
ýerine ýetirilen, innowasiýalara esaslanýan ylmy makalalar, şonuň ýaly-da, raýatlaryň, aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň we beýleki gyzyklanýanlaryň şahsy başlangyçlary bilen ylmyň wajyp ugurlaryna degişli ýerine ýetirilen we oňyn syn berlen işler neşir edilýär. Žurnalda daşary ýurtly görnükli alymlaryň işleri hem çap edilip bilner.
1.6. Elektron žurnalyň Institutyň www.datmddi.edu.tm saýtynda ýerleşdirilmegi Institutyň Informatika we kompýuter merkezi tarapyndan amala aşyrylýar.
1.7. Elektron žurnalyň arhiwi Institutyň www.datmddi.edu.tm atly saýtynda saklanýar.
1.8. Elektron žurnalda çap edilýän makalalara awtorlyk hukuklary Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy bilen kesgitlenýär we Elektron žurnalda çap edilen makalalardan peýdalanylanda oňa salgylanmak hökmandyr.
1.9. Elektron žurnaly esaslandyryjy we neşir ediji – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (redaktirlemek we degişli edaralarda hasaba almak işleri neşir hyzmatlaryny hödürleýän edara bilen şertnama esasynda ýerine ýetirilip bilner).
1.10. Elektron žurnalyň maglumatlaryny ulanyjy bilen elektron neşiriň arabaglanyşygy Institut tarapyndan kesgitlenýär, maglumatlar amatly tertipde ýerleşdirilýär, tiz gözlegi amala aşyrmak üçin elýeterli edilýär.
1.11. Elektron žurnalyň redaksiýasynyň hukuk salgysy: Aşgabat şäheri, Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.
2. Elektron žurnaly döretmek, kämilleşdirmek we ýatyrmak
2.1. Institutyň rektory Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşmak esasynda Elektron žurnaly döretmek barada buýruk çykarýar.
2.2. Elektron žurnal «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy namalara laýyklykda bellige alynýar.
2.3. Institutyň rektorynyň buýrugy bilen Elektron žurnalyň redaksion geňeşiniň düzümini kesgitlemek we neşiri kämilleşdirmek üçin redaksion geňeşiň düzümine üýtgetmeler girizmek işleri amala aşyrylýar, ylmy ugurlary kesgitlenýär.
2.4. Institut Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşmak esasynda Elektron žurnaly ýaýratmak işini amala aşyrýar.
2.5. Elektron žurnalyň üýtgedilip guralmagynyň we ýatyrylmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Elektron žurnaldan edilýän talaplar we ony ýaýratmagyň tertibi
3.1. Elektron žurnal Internet ulgamy arkaly okyjylara elýeterli edilýär.
3.2. Elektron žurnal www.datmddi.edu.tm elektron salgyda ýerleşdirilýär.
Elektron bukja: www.datmddi.edu.tm/E-žurnal.
3.3. Elektron žurnalyň baş sahypasynyň esasy maglumatnamasynda:
– žurnaly döredijiler barada maglumat;
– sözbaşy;
– çykyş maglumatlary;
– klassifikasiýa indeksi;
– döwlet bellige alyş belgisi;
– halkara standart belgisi (belgi alnandan soňra);
– awtorlyk hukugyny goraýyş şertli belgisi ýerleşdirilýär.
3.4. Elektron žurnal türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýär.
3.5. Elektron žurnalyň redaksion geňeşi degişli ylmy ugurlar boýunça ylmy derejesi bolan alymlardan we beýleki hünärmenlerden düzülýär.
3.6. Awtorlyk hukugynyň goraglylygyny aňladýan belgi – ©, awtorlyk hukugyny goraýjynyň ady, çap edilen ýyly Elektron žurnalyň her bir sanynda görkezilýär we bu işde intellektual eýeçilik boýunça halkara hukugyna esaslanylýar.
3.7. Elektron žurnaly döretmäge gatnaşyjylaryň (redaksion geňeşiň agzalary, redaktor we başgalar) atlary, awtoryň doly familiýasy we ady, alymlyk ady, alymlyk derejesi, wezipesi, işleýän / okaýan ýeri (edaranyň ady), sözbaşy, çykyşmaglumatlary, halkara standartyň tertip belgisi, awtorlyk hukugyny goraýyş belgisi degişli standartlaryň talaplaryna laýyklykda berilýär.
3.8. Elektron žurnalda çykyş maglumatlarynda neşir edijiniň ady, onuň poçta we elektron salgysy, bellige alyş belgisi we beýlekiler görkezilýär.
3.9. Žurnala hödürlenen makala iki sany garaşsyz bilermene, hünärmene syna ugradylýar. Syn berýänleriň ýeterlik başarnygyny Elektron žurnalyň redaksiýasy kesgitleýär. Awtora synçy barada, synça awtor barada maglumat berilmeýär. Synlaryň esasynda Elektron žurnalyň redaksiýasy makalany neşir etmek, neşir etmezlik ýa-da onuň üstünde gaýtadan işlemek barada çözgüt çykarýar. Synlaryň asyl nusgasy Elektron žurnal çap edilen gününden başlap, redaksiýada 3 ýyl saklanýar. Makalany kabul etmegiň we syn almagyň tertibi, şeýle hem awtorlar üçin düzgünler Elektron žurnalyň portalynda ýerleşdirilýär. Neşir edilýän makalanyň annotasiýasy (gysgaça mazmuny), şeýle hem açar sözleri degişli talaplara laýyklykda taýýarlanylýar.
3.10. Elektron žurnalyň sany her ýyl täzeden başlanýar. Her sanyň belgisinden soňra ýaýyň içinde žurnalyň esaslandyrylandan bäri çap edilen umumy sany hem görkezilýär.
3.11. Elektron žurnal halkara standartlaryna laýyk getirilýär.
3.12. Elektron žurnalda çap edilen makalalar elektron çeşmelerde saklanýar we awtorlyk hukugy goralýar. Ähli gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna we degişli standartlara laýyklykda kadalaşdyrylýar.
4. Elektron žurnalyň baş redaktory
4.1. Baş redaktoryň wezipesini Institutyň rektory (ýa-da onuň buýrugy bilen bellenen hünärmen) ýerine ýetirýär.
4.2. Elektron žurnalyň baş redaktory:
– žurnalyň jogapkär kätibini we redaktory belleýär;
– žurnala umumy ylmy ýolbaşçylyk edýär;
– redaksiýanyň düzümini kesgitleýär;
– žurnalyň mazmunyna, göwrümine, makalalaryň ylmylygyna, goýberilişiniň hiline gözegçilik edýär;
– žurnalyň hilini ýokarlandyrmak, kämilleşdirmek üçin beýleki ylmy edaralardan görnükli alymlary, hünärmenleri çekmegi guraýar;
– ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi, okyjylar köpçüligi we awtorlar bilen yzygiderli döredijilikli gatnaşyklary saklamagy guraýar;
– redaksiýanyň maddy-tehniki üpjünçiligini amala aşyrýar, onuň iş tertibini, žurnalyň çykýan wagtyny kesgitleýär;
– ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýuridik taraplary bilen gatnaşyklarda redaksiýanyň adyndan wekilçilik edýär;
– redaksiýanyň adyndan şertnamalary we ylalaşyklary baglaşýar, olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
5. Elektron žurnalyň redaksion geňeşi
5.1. Elektron žurnalyň redaksion geňeşiniň düzümi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşmak esasynda Institutyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.
5.2. Elektron žurnalyň redaksion geňeşine baş redaktor ýolbaşçylyk edýär.
5.3. Elektron žurnalyň redaksion geňeşi žurnala hödürlenen makalany neşir etmek, neşir etmezlik ýa-da onuň üstünde gaýtadan işlemek barada çözgüt kabul edýär.
5.4. Baş redaktoryň tabşyrmagy boýunça makalalary ylmy taýdan redaktirleme işlerini ýerine ýetirýär;
5.5. Redaksiýanyň iş meýilnamasyny düzýär, onuň işiniň täze ugurlaryny teklip edýär.
5.6. Elektron žurnalyň taýýarlanylmagyna we çap edilmegine jogapkärçilik çekýär.
5.7. Redaksion geňeşiň agzalary žurnalyň her sanynyň mazmunyny ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşýarlar. Mejlisiň çözgütleri geňeşiň agzalarynyň düzüminiň üçden iki bölegi mejlise gatnaşyp, oňa gatnaşýanlaryň sesleriniň ýönekeý köplügi esasynda kabul edilýär.
6. Elektron žurnalyň redaksiýasy
6.1. Elektron žurnalyň redaksiýasynyň işgärleriniň wezipä bellenmegi we wezipeden boşadylmagy Institutyň rektorynyň buýrugy bilen amala aşyrylýar.
6.2. Elektron žurnalyň redaksiýasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Düzgünnamasy we şu Düzgünnama, baş redaktoryň, redaksion geňeşiň çözgütleri, şeýle hem elektron neşir baradaky standartlar, tehniki şertler we beýleki kadalaşdyryjy namalar esasynda iş alyp barýar.
6.3. Hödürlenen makalalary kabul etmek, bellige almak, syna ibermek we redaktirlemek, žurnaly elektron wýorstka etmek, ony degişli edaralarda hasaba aldyrmak, hilini gözegçilikde saklamak, neşiriň ýaýradylmagyny üpjün etmek işleri Elektron žurnalyň redaksiýasy tarapyndan amala aşyrylýar (işleriň käbir görnüşleri neşir hyzmatlaryny hödürleýän edara bilen şertnama esasynda ýerine ýetirilip bilner).
6.4. Elektron žurnalyň sahypalarynyň bezeg işlerini ýerine ýetirýär, nawigasiýasyny işläp düzýär we önümçilige ornaşdyrýar, portalyň dolandyrylmagy, maglumat goraglylygy hem-de kompýuter howpsuzlygy boýunça möhüm çäreleri ýerine ýetirýär, žurnalyň portalyna (tutuşlygyna žurnala we aýry-aýry makalalara) girýänler baradaky statistik maglumaty ýöredýär we baş redaktory habarly edýär.
6.5. Elektron žurnalyň redaksiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligi Institut tarapyndan amala aşyrylýar.
7. Elektron žurnaly neşir ediji
7.1. Elektron žurnaly neşir ediji Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutydyr (redaktirlemek we degişli edaralarda hasaba almak işleri neşir hyzmatyny hödürleýän edara bilen şertnama esasynda ýerine ýetirilip bilner).
7.2. Elektron žurnaly neşir ediji Institut:
– elektron neşir işini guraýar, žurnalyň maglumat serwerine tor dolandyryşyny amala aşyrýar;
– Elektron žurnalyň talabalaýyk işlemegi üçin maddy-tehniki şertleri döredýär.
8. Makalalary taýýarlamagyň we tabşyrmagyň tertibi
8.1. Makalalary taýýarlamagyň tertibi Institutyň Elektron žurnalynyň ylmy makalalary resmileşdirmek we olary çapa tabşyrmak üçin düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
8.2. Institut tarapyndan makalalary kabul etmegiň we taýýarlamagyň tertibi şu Düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.
8.3. Makalalar Institutyň Elektron žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan kabul edilýär we ýurdumyzyň ylmy edaralaryna ylymlaryň doktory ýa-da ylymlaryň kandidaty alymlyk derejeleri bolan bilermenlere, şol ugurdan hünärmenlere syna iberilýär. Makalalary ugratmagyň möhleti 2 günden, makalalara syn bermegiň möhleti iki hepdeden geçmeli däldir.
8.4. Syndan gelen makalalary Elektron žurnalyň baş redaktory redaksion geňeşiň agzalaryna tabşyrýar, olar makalalary çap etmek üçin teklip edýärler. Oňyn syn bilen birlikde makalany düzetmek hakynda teklipler berlen bolsa, awtor olar bilen tanyşdyrylýar hem-de olary düzetmek talap edilýär. Awtor çapa beriljek makalalaryň gutarnykly görnüşi bilen tanyşdyrylýar we ylalaşylýar.
8.5. Talabalaýyk resmileşdirilmedik ýa-da redaksion geňeşiň agzalary tarapyndan makullanmadyk makalalar çapa hödürlenmeýär, bu barada awtor habarly edilmeýär we makala yzyna gaýtarylyp berilmeýär.
8.6. Maglumatlaryň doly we bölekleýin nusgasynyň alynmagy diňe Elektron žurnalyň redaksiýasynyň ýazmaça rugsady, şeýle hem çeşmesine göni salgylanmanyň görkezilmegi bilen mümkindir