Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ýaş alymlar geňeşi ýörite meýilnama esasynda institutyň talyp ýaşlaryny hem-de ýaş mugallymlaryny ylmy-nazary, ylmy-usuly, ylmy-döredijilik gözleglere çekýär.
Institutyň ýaş mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň ýurdumyzda Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara ylmy forumlara, ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara gatnaşmagyny ýola goýýar, ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän milli we halkara bäsleşikleri guramaga we geçirmäge gatnaşýar.
Institutyň ýaş alymlarynyň, ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň we talyplarynyň ylmy işlerini halkara sanawyna girizilen ylmy neşirlerde hem-de ýygyndylarda çap etmeklerine ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Institutyň ýaş alymlar geňeşiniň işjeň agzalarynyň türkmen dilinde we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde (iňlis, fransuz, ispan, rus, arap, hytaý) taýýarlan “Magtymguly dünýäsi” ykjam programmasy, “Tm-UN Dictionary” elektron sözlügi internet arkaly köpçülige hyzmat edýär.