Alyşir Nowaýynyň we Zahyreddin Muhammet Babyryň beýik mirasy – halklaryň arasyndaky dostlugyň mizemez binýady
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda beýik şahyr we akyldar Alyşir Nowaýynyň 584 ýyllygy, şeýle hem beýik özbek şahyry, filosofy we taryhçysy Zahyreddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 542 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa institutyň rektory Maksat Çaryýew we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rawşanbek Alimow gatnaşdylar. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň çakylygy boýunça daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri baýramçylyk dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.
Beýik özbek söz ussatlaryna bagyşlanan dabaranyň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan Alyşir Nowaýynyň we Zahyreddin Muhammet Babyryň edebi mirasynyň baý mazmunyny açyp görkezýän çykyşlar guraldy. Ýurdumyzyň dilçileri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynyň sahnasynda özbek we rus dillerinde ýaňlanan goşgy setirleri beýik şahyrlaryň lirikasynyň halkara ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen olaryň eserleriniň halklaryň we medeniýetleriň özara düşünişmeginiň köprüsine öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
Dabaraly çärede myhmanlara türkmen-özbek hyzmatdaşlygy, şol sanda Alyşir Nowaýy we Zahyreddin Muhammet Babyryň döredijilik mirasy barada gymmatly maglumatlar berildi. Türkmen we özbek halklarynyň milli aýdym-sazlary, şeýle-de institutyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň ýerine ýetiren milli tanslary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabaranyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Alyşir Nowaýy we Zahyreddin Muhammet Babyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen “Dünýä edebiýatynyň ägirtleri” atly esse ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Ýeňijilere degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Baýramçylyk konsertiň jemleýji tapgyrynda dabaranyň gatnaşyjylary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini bellediler, şeýle hem hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe uly üstünlikler arzuw etdiler.