Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hytaý dili dersi boýunça II Internet olimpiadasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn, döwletli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly, parasatly ýolbaşçylygy netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan we uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalaýyn tutumlara uly badalgalar berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatdaky hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynda esasy orny eýeleýär. Soňky ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynda türkmen diliniň, Türkmenistanda bolsa hytaý diliniň öwrenilmegine aýratyn üns berilýär.
2024-nji ýylyň 18-20-nji noýabr aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hytaý dili dersi boýunça II internet olimpiadasy geçirildi.
Bu olimpiada ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde ýokary okuw mekdepleri bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt dillerini suwara bilýän zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-ine geçirilen Olimpiadanyň 1-nji tapgyrynda her bir gatnaşyjy berlen tema boýunça hytaý dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşdi. 2-nji tapgyry bolsa, institutymyzyň Sanly bilim portalynda hytaý dilinde test görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň 2-nji tapgyrynda Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 12-nji “D” synp okuwçysy Akbaýewa Swetlana baş baýraga, 60-njy orta mekdebiniň 12-nji “Ç” synp okuwçysy Allaberdiýew Muhammetmyrat I orna, Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniñ 12-nji “Ä”synp okuwçysy Annadurdyýew Hakmyrat, Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 12-nji “Ä”synp okuwçysy Mämmetliýew Muhammetmyrat, Aşgabat şäheriniň 50-nji orta mekdebiniň 11-nji “Ç” synp okuwçysy Çabanenko Wiktoriya II orna, Aşgabat şäheriniň 53-nji orta mekdebiniň, 10-njy “F” synp okuwçysy Rassohina Kseniýa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 9-njy “Ç” synp okuwçysy Nowruzowa Aýlar, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 9-njy “Ç” synp okuwçysy Musaýewa Nurana III orna mynasyp boldy.
18-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda hytaý dili dersi boýunça II Internet olimpiadasynyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçi wekili we Ilçihananyň wekilleri gatnaşyp, bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylaryň ählisini tüýs ýürekden gutladylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň adyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz – Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge, öwretmäge, bilim işinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, Türkmenistan ýurdumyzyň ösüşlerine badalga bolýan döwletli gadamlary diňe rowaçlyklara beslensin!