Batyr Myradowyň «Путь каравана» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda belli türkmen ýazyjysy, pedagogika ylymlarynyň doktory Batyr Ataýewiç Myradowyň Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2025-nji ýylda neşir edilen «Путь каравана» atly täze hekaýalar ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara mugallymlaryň, talyplaryň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda, ýokary ruhubelentlikde geçirildi.
Awtor täze kitabynda türkmen tebigatynyň gözelligine, halkyň ahlak gymmatlyklaryna, Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky gahrymançylyklara, şeýle-de häzirki zaman durmuşyndan alnan wakalara bagyşlanan eserleri jemläpdir. Eserleriň mazmunynda Watana bolan çuňňur söýgi, däp-dessurlara hormat we ynsan kalbynyň içki dünýäsini milli medeniýetiň wakalary we keşpleri arkaly görkezmäge bolan ymtylyş öz beýanyny tapýar.
Dabarada giriş sözi bilen Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Ataýewiç Hydyrow çykyş etdi. Ol täze ýygyndynyň çeper ähmiýetini belläp, Batyr Myradowyň döredijiliginiň milli stili, beýan edilýän wakalaryň ygtybarlylygyny we gürrüň berlişiniň ýakymly duýgulary özünde sazlaşykly utgaşdyrýandygyny nygtady. Beýan edilişine görä, awtoryň hekaýalary ýaşlary watançylyk, taryha we dogduk topraga hormat ruhunda terbiýelemek üçin möhüm gollanma bolup durýar.
Soňra ýygnananlaryň öňünde awtoryň özi çykyş etdi. Batyr Ataýewiç çykyşynda kitabyň esasyny düzýän esasy pikirler barada gürrüň berdi, döredijilik pikirlerini, aýry-aýry eserleriň döreýiş taryhyny paýlaşdy we çeper söz arkaly ruhy mirasy gorap saklamagyň ähmiýetini nygtady. Ol häzirki zaman türkmen edebiýatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmegiň we talyplaryň okamaklyga bolan gyzyklanmasyny güýçlendirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar çeper edebiýat dogrusynda paýlaşylan pikirlere gyzyklanma bildirdiler we özüni gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler, eserleriň temalaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de awtora milli edebiýaty ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Batyr Myradowa döredijilik duşuşygy üçin sagbolsun aýdyp, şeýle başlangyçlaryň institutyň talyplarynyň intellektual we ruhy taýdan ösmegi üçin ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar döredijilik bilen meşgullanmaga, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ýokary okuw mekdebiniň ylmy durmuşynda möhüm medeni waka öwrülip, edebiýatyň ýaş nesli terbiýelemekde, olaryň ruhy taýdan baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek tassyklady.


