Bildiriş
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty babatda bilimlerini, ata Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrmak maksady bilen 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ine onlaýn görnüşde, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary» atly BMG-niň resmi iş dillerinde (iňlis, ispan, fransuz, rus, arap we hytaý) düzme ýazmak bäsleşigini geçirýär.