Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işler
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-22-si aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty binýadynda «Учу великому» we «Учусь великому» atly Rus dili okuw-usuly mekdebiniň taslamasy durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ilkinji ýokary okuw mekdebi boldy. Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň ýardam bermeginde Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti we «Моя история» atly ynsanperwer ylymlara goldaw bermek gaznasy taslamany durmuşa geçirmek başlangyjyny öňe sürdüler. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary ýurt dillerini öwredýän öňdebaryjy mekdebi bilen Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry boldy.
Usuly mekdebiň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda meýilleşdirilen okuwlary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rus we tatar dilleri filologiýasy kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Konstantin Andreýewiç Kalinin we şol kafedranyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aleksandra Wiktorowna Potanina geçirdiler. Rus dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary we mugallymlary üçin hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri rus dili boýunça umumy okuwlaryň we amaly sapaklaryň toplumyny döwrebap derejede guradylar. Sapaklarda esasan sözleriň gelip çykyşy, diliň halkyň medeni ösüzşinde tutýan orny we tekstleri mazmuny boýunça okamak endiklerini özleşdirmek ýaly derwaýys meseleler maslahatlaşyldy. Okuwlar daşary ýurtly mugallymlara niýetlenen «Rus dilini okatmagyň innowasion strategiýalary we usulyýeti» goşmaça maksatnama laýyklykda alnyp baryldy.
Okuwyň ilkinji gününde okyjynyň sowatlylyk başarnyklaryny kemala getirmäge bagyşlanan umumy okuw, tekstiň mazmunyna düşünip okamak usulyýeti boýunça seminar sapagy, şeýle hem düzümi düzedilmegini talap edýän tekst bilen işlemek tärlerini öwredýän ussatlyk sapagy geçirildi. Sapaklary ýokary derejede guramak maksady bilen ýumuşlaryň ýörite taýýarlanan toplumlary diňleýjilere hödürlendi. Ol ýumuşlar mazmun babatda hili pes tekstler bilen işlemek başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen we okaýanlaryň analitik endiklerini kämilleşdirmek häsiýetli bolmagy bilen tapawutlandy.
Okuwlaryň dowamynda häzirki zaman okuw işine edilýän talaplary döwrebaplaşdyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak usuly okuwlarda esasy wezipeleriň biri boldy. Türkmen hünärmenleri Naberežnyýe Çelny şäherinden gelen alym A.W.Potaninanyň hut özüniň taýýarlap neşir etdiren iş depderini içgin öwrendiler. Bu işiň netijesinde russiýaly kärdeşiň dersleýin we dersara netijeleri döretmäge gönükdirilen üç derejeleýin ýumuşlary bilelikde işläp taýýarlamagyň usuly aýratynlyklary özleşdirildi. Biziň mugallymlarymyz usulyýet ulgamynda ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň tapgyrlary bilen tanyşdyryldy. Munuň netijesinde rus we türkmen dilçi mugallymlary «Rus dilini okatmak üçin didaktik materiallaryň taslamasyny düzmek» atly taslama işini bilelikde ýerine ýetirdiler.
Sanly bilim serişdelerine we dili okatmakda dersara çemeleşmä bagyşlanan meseleler toplumy usuly okuwlaryň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Okuwa gatnaşan diňleýjiler sapagyň tehnologik kartasyny düzmegiň ýörelgeleri bilen içgin tanyşmagyň esasynda rus dili boýunça utgaşdyrylan usulyýet esasyndaky sapagyň taslamasyny özbaşdak düzmek işini ýerine ýetirdiler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem geçirilen okuw-usuly işlerine işjeň gatnaşdylar. Olar daşary ýurtly tejribeli mugallymlaryň beren sapaklaryny özleşdirmegiň netijesinde işleriň birnäçe görnüşini ýerine ýetirdiler. Ol işleriň arasynda rus ýazyjylarynyň öz ene dili barada aýdan pähimlerini ulanyp, rus dili barada düzme ýazmak talyplaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-sine Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmenleriniň iş saparynyň maksatnamasynyň tamamlanmagy mynasybetli diňleýjilere degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabarada myhmanlar we türkmen hünärmenleridir talyplary geçilen okuwlar barada pikir alyşdylar. Russiýa Federasiýasynyň abraýly ýokary okuw mekdebinden gelen myhmanlar K.A.Kalinin we A.W.Potanina iş saparynyň dowamynda garaşsyz baky bitarap Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alandyklary we özlerinde galan täsirler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Dabara gatnaşyjylar iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze teklipleri hem öňe sürdüler. Geçirilen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilim we ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler. Uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçen çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.


